Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Aşgabatda türkmen-rus uniwersitetini döretmek teklip edildi

11-06-2022 / 5105

Aşgabatda bilelikdäki türkmen-rus uniwersitetini döretmek göz öňünde tutulýar. Bu barada 10-njy iýunda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren gepleşikleriniň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli teklibi öňe sürdi, diýip, «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.

Moskwanyň Uly Kreml köşgünde geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenmesinde Prezident Wladimir Putin: «Russiýa dürli ugurlarda ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistana ýakyndan ýardam berýär. Türkmen ýaşlarynyň arasynda rus bilimine gyzyklanmalar durnukly ýagdaýda ýokary bolmagynda galýar» diýmek bilen, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň bilelikdäki türkmen-rus uniwersitetini döretmek hakyndaky teklibini goldaýandygyny mälim etdi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com