Paýtagtymyzyň ýeňil senagatynyň ýürek gürsüldileri

Türkmenistanyň paýtagty heniz görlüp-eşidilmedik depginde bütinleý diýen ýaly täzeden gurulýar. Onuň mundan birnäçe ýyl ozalky keşbi bilen şu günki sazlaşykly gözelliklerini deňeşdireniňde, ýer bilen gök ýaly tapawudy görmek bolýar. Ozalky könelişen jaýlaryň ornuny täze häzirkizaman desgalary eýeleýär. Şäheriň täze taryhy, Türkmenistan özüniň mukaddes Garaşsyzlygyny alandan soň başlanýar.

Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllyk baýramyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda aýratyn hem ýeňil senagtynda gazanylýan uly üstünlikleri bilen barýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabadymyzyň dünýäde giňden belli owadan şähere öwrülmeginde paýtagtymyzda  geçen we häzirki döwürde  bar bolan fabrikleriň uly ähmiýeti bardyr. Şoňa göräde, men paýtagymyzyň ýeňil senagatynyň özboluşly ýürek gürsüldileri bolan  bu dokma fabriklere aýlanyp,  olaryň dörediliş taryhy  hem-de häzirki önümçilik kuwwaty, ykdysady üstünlikleri babatdaky birnäçe maglumatlary toplamagy ýüregime düwdüm.

  1. A. Nyýazow adyndaky nah-mata kombinaty

Döwletimiz güneşli  ýurt bolmak bilen dünýäde “ak altyna” baý ýurt hasaplanýar. Şol sebäpli XX asyryň başlarynda nah-mata önümçiligini ýola goýmak maksady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynda iň iri kärhananyň düýbüni tutmak barada 1922-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda çözgüt kabul edildi. Soňra 1924-nji ýylyň dekabr aýynda “Türkmenmanifaktura” önümçilik tresti döredilip, 1927-nji ýylyň mart aýynyň 25-ne Aşgabadyň ilkinji dokma-egirme fabriginiň gurluşyk işlerine başlanýar. Şunlukda, 1929-njy ýylyň noýabr aýynyň 29-na ýurdumyzyň Dokma senagatyna degişli bolan ilkinji senagat kärhanasy dabaraly ýagdaýda açylýar. Şol döwrüň kämil tenologiýalary bilen enjamlaşdyrylan bu kombinat täzeçe pagta önimlerini öndürip başlaýar. Şol döwürde bu kärhananyň esasy öndürýän önümleri ýüplük we biz matalary bolupdyr. Bu önümler bolsa Beýik watançylyk urşy ýyllarynda birnäçe maksatlar üçin fronta ugradylypdyr. 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabryndaky bolan ýer titremesi netijesinde bu kärhana uly zyýan ýetendigine garamazdan, 1949-njy ýylyň aprel aýynda kärhananyň enjamlary doly ýagdaýda dikildilip, işler ýola goýulýar. 20 ýyldan soň, has takygy, 1961-1968-nji ýyllar aralygynda  kombinatda işler täzeçe gurnalýar.

Bu kärhanada Ogulsapar Orazowa, Ene Öwezowa, Ogulşirin Imamkulyýewa, Miriýa Alwanina, Gurbangül Saparowa, Gurbanbibi Akmyradowa, Annagözel Annagulyýewa, Ogulgerek Akmyradowa we Artykgül Bebilowa ýaly dokmaçy-egriji, ak saçly enelerimiz gije gündiz zähmet çekip uly ussatlyk görkezdiler. Bize nusgalyk ýol goýan bu enelerimiz çeken uly zähmeti üçin “Zähmet weterany” diýen hormatly ada mynasyp boldular.

Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňra çig mal serişdelerine baý watanymyz milli ykdysadyýetimizde dokma senagtyny ösdürmäge aýratyn üns berýär. Meselem, 2016-njy ýylyň fewral aýynyň15-ine S.A.Nyýazow adyndaky nah-mata kombinatynda döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan jorap önümçilik bölümi dabaraly görnüşde açylyp, ulanylmaga berilýär. Häzirki wagtda bu kärhananyň jorap önümçilik bölüminde ýylda dürli görnüşli joraplaryň 2,5 million jübüdi öndürilýär.

  1. Ruhabat dokma toplumy

Ruhabat dokma toplumy 2012-nji ýylyň maý aýynyň 31-ine açylyp ulnylmaga berildi. Bu ýerde egirme önümçiligi 2010-njy ýylda ýola goýuldy. 2012-nji ýylda bolsa dokma we boýag önümçilik işleri-de bu toplumda işe girizildi. Häzirkizaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan toplumyň umumy meýdany 110 000 m² deňdir. 1200 adam zähmet çekýän bu toplumda ýurdumyzyň ähli künjegindäki pagta arassalaýjy desgalardan gelýän ýüplük we ak pagtadan dokma önümçilik, egirme önümçilik, boýama we basgy önümçilik işleri alnyp barylýar. Toplumyň öndürýän önümleri Kanada, ABŞ, Russiýa, Şwesiýa, Angliýa, Germaniýa, Fransiýa, Türkiýe we Italiýa ýaly birnäçe ýurtlara eksport edilýär.

Bu toplumyň egirme önümçilik bölümi Italiýanyň “Marzoli” we “Savio” firmalarynyň  enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Bölüm ýylda 13 041 tonna önümçilik kuwwatyna eýedir. Bu önümçilik desgasynda nah ýüplüginiň toplumyň egirme önümçilik bölüminde jemi 367 sany işgär gije-gündiz zähmet çekýär.

Desganyň dokma önümçilik bölüminde Ýewropanyň “Karl Maýer” we “Picanol” kompaniýalarynyň enjamlarynyň 144 sanysy oturdylan. Dokma önümçilik bölümde her ýylda 20,03 million m/kw çig matanyň önümçiligi amala aşyrylýar. Öndürilýän çig matalaryň düzümi armour, gabardine, ranforce, flanner, poplin, kreton, saten, panama materillaryndan ybaratdyr. Bu önümler dürli agramlarda ýurdumyzyň içindäki boýama we basgy işlerini ýerine ýetirýän tekstil desgalara ugradylýar we belli möçberi daşary ýurtlara eksport edilýär. Toplumyň dokma önümçiligi bölüminde jemi 328 adam zähmet çekýär.

Toplumyň bu bölüminde Monforst, Mario Crosto, Benninger, Reggiani kompaniýalarynyň kämil enjamlary gurnalandyr. Bölüm ýylda 40 million m² taýýar mata önümlerini boýamak işlerini amala aşyrýar. Boýama we basgy bölüminde ussat dizaýnerler tarapyndan döwrebap we täze bezegler döredilýär. Mundan başga-da bu bölümde buýrujylaryň islegine görä dizaýnleri matalara bermek mümkinçiligi hem bardyr. Bu desgada nah ýüplükleri boýamak işleri bilen bir hatarda flanel, wiskon, kreton, ranfors ýaly beýleki nah matalaryň görnüşlerini hem boýamak işleri amala aşyrylýar.

Hawwa, gözel Aşgabadymyz özüniň 140 ýyllyk, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna uly ruhybelentlik bilen barýar. Munuň şeýledigine paýtagtymyzdaky häzirkizaman tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ykdysady ösüşiň belent sepgitlerine çykýan ýeňil senagat fabriklerimiziň ýürek gürsüldileri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Goý, paýtagtymyzyň ýeňil senagat  fabrikleriniň we toplumlarynyň ýürek gürsüldileriniň batly urmagy üçin ähli mümkinçilikler döredip berýän hormatly Prezidentimiziň ömri uzak, jany sag, işleri rowaç bolsun!

Nowruz  KURBANOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.