Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
SliderŽurnalistiň sahypasy

Arzuwdan başlanan beýiklik

Ýer ýüzünde meşhur oratorlar, ýokary derejeli dilewar adamlar örän köp. Ýöne olaryň içinde hatda elsiz-aýaksyz bolup hem şeýle derejä mynasyp bolanlar bar. Belki, sizi haýrana galdyrýandyr: “Eli, aýagy ýok adam nähili halkyň öňüne çykyp, gürläp, özüni tanadyp bilýär?” diýip. Geliň, bu soragymyzyň jogabyna aýdyň hakykatyň we subutnamalaryň üsti bilen göz ýetireliň.

Nik 1982-nji ýylda Awstraliýaly serb emigrantlarynyň Wuýçiç maşgalasynda dogulýar. Ykbalyň haýsydyr bir erbet karary bilen, ol çydap bolmajak aýratynlyklar bilen bu dünýä geldi. Lukman Nikiň kakasyna oglunyň ne golunyň, ne-de aýagynyň bardygyny, onuň seýrek duş gelýän nesil keseli bolan, tetra-amalia sindromy bilen doglandygyny aýdýar. Garaşylmadyk bu ýagdaýa ene-atalaryň özlerini nähili duýandyklaryny bir göz öňüne getirip görüň. Ýöne olar bir gün oglunyň dünýäniň dürli künjeklerinden adamlara ylham we umyt berjek birine öwrüljekdigini welin bilenokdylar.

Daşky agzalardan Nikiň aýagynyň diňe bir bölegi bardy, ol şonuň bilen köp zatlary etmegi — ýöremegi, ýüzmegi, ýazmagy, konkide typmagy öwrendi.  Nikiň ene-atasy çagasynyň adaty mekdepde okamagyny üpjün etdi we Nik Wuýçiç Awstraliýanyň adaty mekdebinde okaýan ilkinji maýyp çaga boldy. Ata-enesiniň näçe alada edýändigine garamazdan, Nik üçin ýaşaýyş gaty kyn bolýardy, ýalňyzlykdan we bütin dünýäde beýleki adamlardan tapawudyndan gaty alada galýardy, köplenç, bu dünýä gelmeginiň sebäbini pikirlenýärdi.

Sekiz ýaşynda Nik öz janyna kast etmäge synanyşýar. Ol hammama çümüp, özüni heläklemek isläpdi. Emma edip bilmedi.  Özüni gaty gowy görýän ene-atasy hakda oýlandy. Ene-atasynyň özüniň ölümi üçin ony hiç haçan bagyşlap bilmejekdiklerini pikirlenip, ol ölmek kararyna gelendigi üçin hemişe özüni günäkärleýärdi. Şondan soň Nik hiç haçan özüni öldürmäge synanyşmady, ýöne köplenç bu dünýädäki ykbaly hakda oýlanýardy. 

Bir gün ejesi Nik-e beýleki adamlary ýaşamaga ruhlandyran näsag hakda makala okap berdi. Bu hekaýa Nikiň kalbyna çuňňur täsir etdi. Wagtyň geçmegi bilen, Nik öz ýagdaýyna barha köp uýgunlaşmagy öwrendi. Şeýlelikde, ol maksadyna ýetmek üçin gaty köp okap başlaýar we özüni kämil derejede taýýarlaýar. Ýedinji synpda Nik talyplar geňeşi bilen haýyr-sahawat we maýyplara kömek bermek meselesinde işledi. Nik Wuýçiç mekdebi gutarandan soň, okuwyny dowam etdirdi we iki uniwersitet derejesini aldy — biri buhgalteriýa, ikinjisi maliýe meýilnamalaşdyryş.

Bir gezek, Nik 19 ýaşyndaka, uniwersitetiň talyplaryna leksiýa bermegi teklip edipdi.  Onuň çykyşy 7 minut dowam etmeli boldy. Çykyşyň 3 minudynyň içinde tomaşaçylaryň ýarysy aglady.  Bir gyz sahna çykdy we ony gujaklady, egninde aglap, şeýle diýdi: “Hiç kim meni söýýändigini we maňa şeýle owadandygymy aýtmandy. Bu gün meniň durmuşym düýpgöter üýtgedi”. Şondan soň Nik durmuşynyň manysyny tapandygyna we onuň adamlara özlerine, durmuşyň şatlygyna, umydyna we ylhamyna ynanmaga kömek etmekdedigine düşündi.

2005-nji ýylda Nik Awstraliýada iň abraýly “Ýylyň ýaş awstraliýalysy” baýragyny aldy. Şu wagta çenli Nik Wuýçiç otuzdan gowrak baýragyň eýesi. Elleri we aýaklary bolmadyk bu ýigit dünýäde köp sanly adamlardan tapawutlydy. Nik häzirki wagtda “Soňsuzlykdaky durmuş” atly haýyr-sahawat guramasynyň başlygy, özüniň “Attitude Is Altitude” atly höweslendiriji kompaniýasy hem bar. Ol öz çykyşlarynda millionlarça adama öz durmuş hekaýasyny aýdyp bermegi, dürli tomaşaçylara ýüzlenip, bütin dünýäni gezmegi başardy.  Çykyşlary wagtynda ol, köplenç: “Käwagt şeýle ýykylyp bilersiň” diýýär we duran stolunyň üstünde ýykylýar.  Nik sözüni şeýle dowam etdirýär: “Durmuşda ýykylýarsyň, hatda, kämahal turmak üçin güýjüň ýok ýaly. Şonda-da, umyt bar bolsa nätjek…  Meniň elimem, aýagymam ýok. Iň azyndan ýüz gezek ýokary galmaga synanyşsam hem, üstünlik gazanyp bilmerin. Ýöne men başga bir ýeňlişden soň, umytdan düşmedim. Gaýtalap synanyşýardym. Men siziň şowsuzlygyň durmuşyň soňy däldigini bilmegiňizi isleýärin. Esasy zat, nädip gutarýandygyňyzdyr.  Mydama ýeňişli gutarjak boluň. Şonda özüňizde ýokary galmak üçin güýç taparsyňyz” diýýär. Soňra maňlaýyna daýanýar, egnine kömek edýär we ýerinden turýar. Tomaşaçylar aglap başlaýarlar. Şeýle täsirli çykyşlar Nikiň tomaşaçylaryna durmuşyny üýtgetmäge kömek edýärdi.

Bulardan başga-da, Nik telegepleşiklere hem gatnaşýar we birnäçe kitaplary ýazýar. Onuň ilkinji kitabynyň ady “Serhetsiz durmuş. Ajaýyp, bagtly durmuşa barýan ýol” bolup, ony 2010-njy ýylda ýazýar we bu kitap 2012-nji ýylda rus dilinde çap edilýär. 2010-njy ýylyň 28-29-njy martynda Russiýanyň Moskwa we Sankt-Peterburg şäherlerinde özüniň “Serhetsiz durmuş” atly durmuşa ruhlandyryjy gürrüňleri bilen çykyş edýär. Bu çykyş onuň dünýä ýurtlaryndaky 55-nji çykyşy bolup, onda ol şeýle diýýär: “Hemme zat arzuw etmekden başlanýar. Hawa, hemme arzuw hasyl bolmaýar. Ýöne men arzuwlary hasyl bolup, maksatlaryna ýetýän köp adamlary gördüm… Şonuň üçinem arzuw ediň. Özem uly arzuwlary ediň!”      

Nik öz arzuwlarynyň we umytlarynyň güýjüne we durmuşynda bir gudratyň dörejekdigine örän ynanypdyr. Ol öz şkafynda bir jübüt aýakgap saklap, ony haçanam bolsa bir gün geýerin diýen umyt bilen ýaşapdyr.

2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda Nik Wuýçiç Kanae Miahara atly gaty owadan bir gyza öýlenýär. 2013-nji ýylyň 14-nji fewralynda olaryň Kiýoşi Jeýms Wuýçiç diýip atlandyrylan ogly boldy. 2015-nji ýylyň 8-nji awgustynda Nik we Kanae-iň ikinji ogly boldy we çaganyň adyna Dejan Lewi Wuýçiç goýdular. Olaryň Oliwi we Elli atly ekiz gyzjagazlary hem bar. Haýran galmaly ýeri, Nik Wuýçiçiň ähli çagalary-da düýbünden sagdyn.

Meşhur dilewaryň belleýşi ýaly: “Hemme zat arzuw etmekden  başlanýar… Şonuň üçinem arzuw ediň. Özem uly arzuwlary ediň!”

Terjime eden Tawus AKJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu