Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Türkmen alabaýy — milli buýsanjymyz

28-03-2023 / 5052

«It geldi — gut geldi» ýaly pederlerimiziň pähiminde türkmen alabaý itiniň, maddy gymmatlyk hökmünde tarypy ýetirilýär.

Ahalteke bedewlerimiz, halylarymyz, şaý-seplerimiz, saz gurallarymyz ýaly alabaý itleri hem milli baýlyklarymyzdyr. Bu gymmatlyklary ata-babalarymyz gözüniň göreji ýaly saklap, biziň şu günlerimize ýetirip bilipdirler. Köp asyrlaryň dowamynda öz asyl durkuny ýitirmän gelýän alabaý itlerimiz barada näçe söz aýtsaň hem bärden gaýdýar.

Ynsanyň iň wepaly dosty, ýalňyzlykda ýoldaşy, goragçysy hasaplanýan alabaýlary türkmen halky güjüjikliginden terbiýeläp, özüne ynamly, buýsançly itler edip ýetişdiripdir. Gapysynda gaýduwsyz alabaýy bolan öý eýesi işigine hiç mahal gulp urmandyr. Ol maşgalasynyň howpsuzlygyny hem oňa doly ynanypdyr. Çopan goşlarynda bolsa sürüleri möjekdir tilki, şagal ýaly ýyrtyjy jandarlardan gorapdyr.

Türkmen alabaýlarynda eýesine çäksiz wepalylyk, mähirlilik, duýgurlyk ýaly gowy häsiýetler jemlenendir. Çagalary goraglap ýörýänligi alabaýlaryň ýene bir oňat häsiýetidir. Öz hojaýynynyň sesini eşidenden, onuň näme isleýändigine düşünmegi türkmen alabaýlarynyň ýene bir aýratyn tapawudydyr. Halkymyz adamyň wepaly ýoldaşy hökmünde alabaýa halk döredijiliginde hem uly orun beripdir.

Häzirki ajaýyp döwrümizde türkmen alabaý itini bütin dünýä tanatmakda, itşynaslygyň medeniýetini ýokarlandyrmakda bimöçber işler durmuşa geçirilýär.

Begenç AŞYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.


Fatal error: Uncaught Error: Call to undefined function ST4_single_hits2() in /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php:508 Stack trace: #0 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php(692): tie_get_post_meta() #1 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-actions.php(260): tie_the_post_meta() #2 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/class-wp-hook.php(324): tie_post_extra_info_column() #3 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/class-wp-hook.php(348): WP_Hook->apply_filters() #4 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/plugin.php(517): WP_Hook->do_action() #5 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/templates/single-post/content.php(81): do_action() #6 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/classes/class-tielabs-helper.php(119): include('/var/www/vhosts...') #7 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/single.php(17): TIELABS_HELPER::get_template_part() #8 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/template-loader.php(106): include('/var/www/vhosts...') #9 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-blog-header.php(19): require_once('/var/www/vhosts...') #10 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/index.php(17): require('/var/www/vhosts...') #11 {main} thrown in /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php on line 508
WordPress › Error

There has been a critical error on this website.

Learn more about troubleshooting WordPress.