«Aýterek-günterek» oýnuny oýnamadyk bar bolsa-da, oýny bilmeýän ýokdur. Şonda ady tutulan oýunçy yza ýöräp, bat alýar. Yza gaýtmagyň oýunçy üçin nähili uly güýçdügi özünden aýan. Beýtmek bilen, ol öňdäki garşydaşyň berk hataryny kesmäge güýç toplaýar.

Biziň edebi dünýämiz — TÜRKMENgazet hem täze güýç, täze bat bilen ýene-de işe başlady! Üns berensiňiz, saýtyň işleýşi ýokarlandy. Ýakyn günlerde täze bölümler hem giriziler. Mazmun taýdan baý makalalar yzygiderli hödürlener!

Seniň bizden daşlaşyp bilmeýşiň ýaly, biz hem senden uzaklaşmak islemeýäris, hormatly okyjy! Biz ýene-de seniň bilen! Hemişeki şygarymyz: maksat — ýatda däl, ýürekde galmak.

TÜRKMENgazet