Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
Habarlar

Apple kompaniýasy martyň başynda arzan 5G iPhone we iPad öndürer

Apple kompaniýasy täze arzan bahadan «iPhone» we täzelenen «iPad» görnüşlerini 8-nji martda ýa-da ýakyn günlerde tanyşdyrar. Bu barada «Bloomber saýty habar berýär.

Maglumatlara görä, garaşylýan bu önüm 2022-nji ýylyň jemi boýunça rekord derejede öndüriler.

Häzirki wagtda bu kompaniýa 2022-nji ýylda öz maksatlaryna ýetmek üçin birnäçe işleri alyp barýar. Mart aýynda «Apple» kompaniýasy bir ýylyň dowamynda iň köp täze enjamlary hödürlejekdigi barada belleýär.

Bellenen senä entek wagtyň bardygyny göz öňünde tutsak, önümçilik gijikdirilip ýa-da başga bir sebäplere görä,  kompaniýa öz meýilnamasyny üýtgedip biler. «Apple»-iň metbugat sekretary kompaniýanyň meýilnamalary barada maglumat bermekden saklanýar.

Täze telefon «iPhone SE» modeli soňky iki ýylyň dowamynda ilkinji täzeçillik bolup, 5G mümkinçilikleri kämilleşdirilen, kamerasyny bolsa has güýçli prosessor birikdirilipdir. Ol ilkinji täzelenme bolar. Ýöne dizaýny babatda aýdanymyzda 2020-nji ýylyň aprel aýynda çykarylan görnüşine meňzär.

Şonuň bilen birlikde, täze «iPad» has güýçli prosessor we 5G mümkinçiligine eýe «Air» modelinde hem täzelenme bolar. «Apple»-iň öndüren çipleri bolan täze «Mac» çiplerini-de mart aýynyň başynda çykarar.

«TürkmenGazet».

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu