Edinburg uniwersitetiniň alymlary E.Сoli bakteriýalarynyň temperaturanyň ýokarlanýan şertlerinde wanil noýbasyndaky plastmassany “vanilin” molekulasyna öwürýändigini anykladylar. Alnan madda adamyň sarp etmegi bilen hem synag edildi. Plastmassadan ýasalan vaniliniň indi iýmitlerde, kosmetika serişdelerinde, pestisidlerde we arassalaýyş önümlerinde vanil tagamy hökmünde ulanylyp bilinjekdigi aýdylýar.

Dünýäde waniliniň sarp edilişi ýylda 37 müň tonna töweregi bolup, 2025-nji ýyla çenli umumy bazar bahasynyň ýarym milliard ýewrodan geçjekdigi çaklanylýar.

Indi bu usul bilen önümçilik derejesinde önümçilige başlamak üçin ilkinji synanyşyklar ediler we bu usul bilen plastik galyndylaryň az bölegi daşky gurşawa zyýan bermezden ýok ediler.

Mahym Hojanepesowa

Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy