Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
Slider

Alymlar 67 ýyl bäri ýuwunmadyk adamyň saglyk ýagdaýyny öwrendiler

Täsin durmuş obrazyny dowam etdirýän 87 ýaşly Amu Hoji Eýranyň Dežgah obasynda ýaşaýar. Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, muňa seretmezden, Amu Hojiniň saglyk ýagdaýy örän gowy. Bu barada «Daily Star» habar berýär.

Amu Hojiniň aýtmagyna görä, ýuwunmak oňa şowsuzlyk getirýärmiş. Bu ýagdaýyň yzygiderli gaýtalanyp, ölüm howpuny orta salmagyndan gorkan eýranly erkek ýuwunmakdan bütinleý ýüz dönderipdir. Onuň gündelik iýýän iýmitiniň düzüminiň esasan hem, doňuz we beýleki haýwanlaryň çig etinden ybarat bolmagy-da geň ýagdaýdyr. Şeýle hem ol suwy hem gaýnatman, gönüden-göni çeşmeden alyp içýär. Onuň adaty bolmadyk bu durmuş keşbi Amu Hoja dost tutunmak meselesinde ilkibada kynlyk döretdi. Emma soňabaka oba ýaşaýjylary Hojiniň ýaşaýşyny dowam etdirişine geň galyp, oňa bir külbejik gurup beripdirler. Ondan öň Hoji ýer astynda gazylan bir çukurjykda ýaşaýar eken.

Indi birnäçe wagt bäri külbede ýaşaýan bu adamyň saglyk ýagdaýyny öwrenmek üçin lukmanlar ony birnäçe derňew barlaglaryndan geçirdiler. Özüne adaty adamlaryň iýmitinden düýpgöter tapawutly bolan iýmit rejesini düzen Hojiniň saglyk ýagdaýy lukmanlary örän geň galdyrdy. Çig etler bilen iýmitlenýändigine garamazdan, onuň saglyk ýagdaýynda howatyrlanmaga hiç hili sebäp ýok eken.

Barlag geçiren lukmanlar bu hili iýmitlenişde adam bedeninde mugthorlar bilen baglanyşykly döräp biljek dürli kesellere duş gelinjekdigine ynanýardylar. Emma olar derňew işlerinde bu hili ýaramaz ýagdaýlaryň üstünden hem barmadylar. Lukmanlar, gaýtam, onuň immuna ulgamynyň güýçlüdigine göz ýetirdiler. Bu bolsa dürli keseller bilen kesellemegiň öňüni alýan ilkinji şertleriň biridir. Hojide gepatit we SPID kesellerini anyklamak üçin hem derňew geçirildi. Emma onda diňe asemptomatik trihinelez infeksiýasy anyklanyldy.

«TürkmenGazet».

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu