“Meniň söhbetdeşim” bäsleşigine hödürlenýär.

 

   Meşhur opera ýyldyzy Atajan Berdiýew bilen söhbetdeşlik taýýarlamagy aýdanlarynda, ussat aýdymçynyň şu wagta çenli ýerine ýetirýän aýdymlarynyň ählisiniň jeminden üýtgeşik bir mukam emele gelip, kalbyma inen ýaly boldy. Aýdymçynyň tebigatynyň gözel, aýdymlary ýaly dünýäsiniň hem şadyýan bolmagynyň syry, belki, şol mukamy müňlerçe kalpda oýaryp bilýänligindedir?! Bu we başga-da köp gyzykly gürrüňler türkmengazet.com sahypasy üçin taýýarlanan söhbetdeşligimizde…

— Salam, Atajan halypa! Bilşimiz ýaly, Siz saz äleminde klassiki aýdymlary aýtmakda öz mahmal owazyňyz bilen halkyň söýgüsini gazandyňyz. Elbetde,  muşdaklaryňyz ählisine-de opera älemindäki ilkinji ädimleriňiz hakynda bilmek gyzykly bolsa gerek?! Söhbetdeşligimizi şolar dogrusynda başlaýalyň?!

— Köp sagboluň, Merjen! Umuman, men sungat älemine  Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Niçka şäherçesiniň Medeniýet öýünde gadam basdym. Şol ýerde özüm ýaly höwesjeň deň-duşlarym bilen sahnalarda çykyş ederdim, aýdym aýdardym. Dogrymy aýtsam,  Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebine girmezimden ozal opera, wokal sungaty bilen gyzyklanmaýardym, bu babatda düýbünden pikir hem etmändim. Opera älemine ýol açan,  ilkinji notany öwreden bilim ojagym bolan ýörite sungat mekdebinde hünär mugallymym Joraýewa Täzegül Baltaýewnanyň ýadawsyz aladasy netijesinde bu sungata has hem imrinip başladym. Bir gün ýazgy diňlenýän otagymyzda (fonatekada) Türkmenistanyň Halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň “Älemgoşar” atly ýazgy plastinkasyndan ýaňlanan jadyly owazdan soň, dil bilen tarypyny ýetirip bolmajak duýgy kalbyma ornaşdy. Edil şol pursat opera sungatynyň durmuşymyň aýrylmaz bölegidigine göz ýetirdim. Soňra 2007-2012-nji ýyllar aralygynda Maýa Kulyýewa adyndanky türkmen milli konserwatoriýasynda bilim aldym we häzirki wagtda hem şol ýerde mugallymçylyk wezipesinde zähmet çekýärin. 

— Medeniýet öýünden başlan sungata bolan söýgiňiziň sizi ýetiren üstünlikleri barada hem gürrüň beräýseňiz?!

— 2003-nji ýylda Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebinde okaýan döwrümde “Ýaňlan Diýarym” tele-bäsleşiginiň ýeňijisi, 2007-2008-2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi , 2011-nji ýylda “Ýylyň parlak ýyldyzy”, 2016-njy ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti, 2019-njy ýylda Türkmenistanyň halk artisti diýen Hormatly atlara eýe boldum. 

— Tüweleme Atajan halypa! Mundan beýläkde sylaglaryňyzyň höwri köp bolsun. 1% zehin 99% yhlas diýilýänine nähili garaýarsyňyz?

— Edil 1% azrak bolýar, 10% zehin 90% yhlas diýäýeliň. Şu ýerde 90% höwes diýmek, öz üstüňde işlemek diýmek bolýar. Opera aýdymçysy elmydama täze sesiň gözleginde bolýar. Sazçylyk mekdebini ýa-da konserwatoriýany gutaranyň bilen taýýar aýdymçy bolunmaýar. Emma hünäriňe bolan gyzgyn söýgini kalbyňda göterip, yzygiderli çekilen zähmet seni bu sungata öz-özi iteriberýär. Şahyr Gurbannazar Ezizowyň aýdyşy ýaly, «Her birimiz özümiziň zergärimiz, mydam özümizi ýonup ýörmeli».

— Dogry aýdýarsyňyz. Islendik ugurdan ýokary okuw mekdebini tamamlamak, kämilligiň iň soňky menziline ýetmek däl. Halyplalar hem aýdýar ahyryn: “Kämil adam däl-de, kämilleşýän adam bardyr” diýip. Ýaş aýdymçylarymyz hem siz ýaly halypalardan görelde alyp, kämilleşmek maksady bilen aýdym-saz sungatynyň dürli ugurlarynda özlerini synap görýärler. Şeýle höwesjeň ýaşlarymyzyň ýokarky notalara sesleriniň ýetmejegini bilip hem aýdym aýtmaklary seslerine  şikes ýetirip bilermi? 

— Şu ýerde bir zady belläsim gelýär. Islendik hünäre baş goşýan ynsanyň ylahy zehini berlen bolmaly. Ylahy zehin ýyllaryň tejribesi bilen utgaşdyrlanda, alynmajak gala ýok. Hemem her aýdymçynyň özüniň ses çägi bar. Meselem, sen ariýa aýdasyň gelýär. Seniňem sesiň fa notasyna ýetýär. Ýetmeli notaň bolsa si bemol diýeli. Onda nähili bolýar?! Ýyllar boýy sesiň üstünde dowamly işläp, şol nota ýetmegiň ugrunda bolsaň soňunda sen şol nota hökman ýetýäň. Ol bir güniň ýa iki güniň işi däl, onuň üçin ýyllar gerek.

— Halypa, garaşylmadyk pursatda, ýokarky notany aljak bolanymyzda ses ýitip bilermi?

— Ýitip bilmez, ýöne erbet aýdyp bolar. Sebäbi ses-dä ol. Beýleki saz gurallary görýäs, meselem, fortepianonyň klawişalaryny görýäris, skripkanyň kirişleriniň niresine basmalydygyny bilýäris, emma sesimizi görüp bilemzok. Hat-da  bu barada beýik opera aýdymçysy, tenor Luçano Pawarottiden hem spektaklyň öň ýanynda ýokarky notany aljagyňyzy bilýärsiňizmi diýip soranlarynda biraz ýylgyryp “Ýok, bilemok. Ýöne biziň kärimiziň gyzyklylygy hem şonda-da  ” diýip  jogap beripdir. 

— Toslamamy ýa-da hakykat: ýumurtga içmeklik sesimizi gowulaşdyryp bilermi?

— Mümkin, ýumurtga içmeklik bokurdagyň agyrysyny aýyryp biler, emma sesiň gowulanmagy üçin hiç hili täsiri ýok.

— Öz ýerine ýetirýän aýdymlaryňyzyň içinde ýüregiňize ýakyn aýdymyňyz barmy?

Ýüregime ýakyn aýdymym bar diýip biljek däl. Sebäbi men ýerine ýetirýän ähli aýdymlarymy ýürekden-ýürege geçirmäge çalyşýaryn. Ýöne, ýerine ýetirýän aýdymlarymyň arasynda halkymyzyň  aýratyn söýgüsine mynasyp bolany “Älemgoşar” aýdymy.

— Özüňiz saz döredipdiňizmi ?!

— Hawa. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň “Bagyşla sen ýürek” atly goşgusyna ilkinji sazymy ýazdym we ýerine ýetirdim.

— Bilişimiz ýaly siz kino äleminde hem birnäçe kinolara düşdüňiz. Opera sungatyny kino sungaty bilen bile alyp gitmek kyn düşýärmi?

— Haýsy ugurda bolsaňam, öz ugruňa ökde bolmaly. Elbetde, keşp janlandyrmak aňsat iş däl. Ýöne başardygyňdan edýän işiňi iň gowy derejede etmäge synanşmaly.

— “Medeniýet halkyň kalbydyr” diýýän Gahryman Arkadagly Diýarymyzda türkmen medeniýetiniň, türkmen sungatynyň, türkmen edebiýatynyň ösdürilmegine, dünýä ýaýylmagyna ýokary derejede üns berilýär. Muňa daşary ýurtlarda medeniýet günleri geçirleninde ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda zähmet çekýän ussat halypalarymyzyňdyr ýaş zehinli aýdymçy, sazandalarymyzyň baryp gatnaşmagy, biziň ýurdumyzda dabaralara, medeniýet we sungat işgärleriniň güni, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän aýdym-sazly baýramçylyk çärelerine daşary ýurtly medeniýet işgärleriniň gelip gatnaşmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Siz hem ýaşlarymyza halypalyk edip köp sanly çärelere gatnaşdyňyz. Birnäçe daşary ýurtlarda iş saparynda bolduňyz. Söhbetdeşligimizi şolar dogrusynda dowam edäýeliň?! 

— Hawa, dogry aýdýan Merjen. Medeniýet ulgamyny kämilleşdirmekdäki alnyp barylýan işleriň gündelik şaýady bolýandygymyza begenjimiziň, buýsanjymyzyň çägi ýok. Öz döredijilik toparymyz bilen Ýaponiýada, Hytaý Halk Respublikasynda, Awstriýada, Fransiýada, Belgiýada, Russiýada, Özbegistanda, Täjigistanda, Italiýada, Birleşen Arap Emirliklerinde başga-da birnäçe dünýä ýurtlarynda bolup türkmen medeniýetini we sungatyny dünýä ýaýmakda mynasyp goşandymyzy goşmagymyz üçin ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimze sagbolsunlarymyzyň çägi egsilmezdir.

— Bizem şu aýdýanlaryňyzy tele ýaýlymlaryň üsti bilen tomaşa edipdik. Tele ýaýlymlarda daşary ýurtlarda türkmen aýdymlarynyň ýaňlanýanyna tomaşa edenimizde, ýüregimizde buýsanç duýgulary peýda bolýar…

— Elbetde,  muňa buýsanmazlyk, begenmezlik asla mümkin däl. 

— Ýakynda halkymyza hödürlejek meýilnamalaryňyz bilen hem gysgaça tanyş edäýseňiz?!

— Häzirki günlerde Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň agzybir işgärleri bolup “Gül-Bilbil” dessanynyň esasynda halkymyza hödürlenjek “Gül-Bilbil” operasynyň üstünde işeýäris. Men hem bu operada Bilbiliň keşbini janlandyrýaryn.

— Atajan halypa, geljekde ýüregiňizde besleýän arzuwlaryňyz bardyr?!

Meniň esasy arzuwym diňleýjileriň söýgüsine mynasyp boljak eserleri döretmek we aýdym-saz sungatyny dünýä ýaýmak bolup durýar. 

Arzuwlaryňyz hasyl bolsun, döredijilik äleminde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

— Sag boluň.

 

Söhbetdeş bolan: Merjen ÝAZLYÝEWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.