Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
Göwün küýsegi

Akylly jogap

Bir gün imperator Akbar we Birbal köşgüň bagynda gezelenç edip ýördiler.  Tomusyň säheriniň hoştap howasy gowudy we bagyň içindäki howuzyň töwereginde jak-jaklap oýnaýan  gargalar örän köpdi.  Şol gargalara syn edip oturan Akbaryň kellesinde öz patyşalygynda näçe garganyň bardygy barada sorag ýüze çykdy.

Akbar bu soragyň jogabyny bileninden soň, bu soragy ýanynda oturan Birbala bermek isledi we ondan sorady. Birbal biraz pikirlenenden soň : “Patyşalykda togsan bäş müň dört ýüz altmyş üç garga bar” diýip jogap berdi. Çalt jogap berenine haýran galan Akbar onuň akylyny ýene-de bir gezek synamakçy boldy. Akbar oňa:” Eger-de seniň beren jogabyňdan has köp garga bar bolsa näme?”  diýip sorady. Birbal ikirjiňlenmän: “Eger meniň jogabymdan has köp garga bar bolsa, käbir gargalar beýleki goňşy patyşalyklardan gelen gargalardyr” diýip jogap berdi.  Akbar ýene-de : “Eger seniň jogabyňdan garga az bolsa näme etmeli?” diýdi. Onda Birbal:  “Eger şeýle bolsa biziň patyşalygymyzdan käbir gargalar  beýleki ýerlere gidendirler” diýip anyk jogap berdi

 Bu hekaýanyň üsti bilen öňe sürülýän pikir: Akylyň  bilen pikir etseň islendik bir meseläniň hem çözgüdi bardyr.

 

Terjime eden: Gülşat ÇETILIÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu