Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
Habarlar

“Ak şäherim Aşgabat” atly halkara sergiden

Düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XX köpugurly halkara sergi geçirildi. Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanyp, her ýyl hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilýän bu sergi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlandyrylýan hem-de Aşgabat şäheriniň keşbinde öz beýanyny tapan özgertmeleriň gerimini aýdyň şöhlelendirýär.

Bu gezekki sergä ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň kompaniýalarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň kärhanalarynyň köp sanly wekilleri gatnaşdylar. Sergide dizaýndan başlap, önümçilik, telekeçilik, medeniýet, sport we syýahatçylyk, elektroenergetika, gurluşyk we binagärlik ýaly ugurlar hödürlendi. Bu ugurlarda ýetilen sepgitler maketlarda, kitapçalarda, žurnallarda öz aýdyň beýanyny tapdy.

Serginiň dowamynda moda öýleriniň görkezen ajaýyp lybaslary bu sergä özboluşly öwüşgin çaýdy.

Sergä gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň ähli pudaklary ösdürmekde  döredip berýän mümkinçilikleri, goldawy we ýardamy üçin özleriniň hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 

Merjen ÝAZLYÝEWA,

TÜRKMENgazet.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu