Slide
Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbi tutuldy

21-01-2023 / 12

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda sähetli günleriň birinde il içinde sylaglanýan ýaşulularyň gatnaşmagynda welaýatyň baş metjidiniň düýbüni tutmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, beren ak patasyndan ugur alnyp, 20-nji ýanwarda – sähetli anna gününde bu mukaddes işe girişildi.

Metjidiň düýbüniň tutulyşyna Türkmenistanyň il sylagly ýaşululary bilen birlikde ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, şu günler Aşgabatda iş sapary bilen bolýan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we musulman döwletleriniň Aşgabatdaky ilçileri, medeniýet ulgamynyň wekilleri — döredijilik işgärleri, sungat ussatlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabara gatnaşýan ýaşulular Arkadag şäherinde gurlan Akhan binasynyň ýanyna gelip, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň taslamasynyň birinji tapgyrynda durmuşa geçirilen işleri synladylar. Soňra çärä gatnaşyjylar Ahal welaýatynyň baş metjidiniň taslamasy bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, gurulmagy meýilleşdirilýän täze metjidiň binasy, onuň daşky we içki bezeg aýratynlyklary, gurluşykda ulanyljak serişdeler barada gürrüň berildi.

Ahal welaýatynyň baş metjidiniň umumy meýdany 34,5 gektara deň bolup, ol birbada 15 müňden gowrak adama namaza durmaga mümkinçilik berer. Onuň sadaka jaýy bolsa 1500 adama niýetlenendir. Baş metjidi her biriniň beýikligi 104 metre ýetýän minaralaryň 4-si bezär we olarda ýokary tizlikli liftler oturdylar. Minaralaryň içinde dürli dolandyryş otaglary, şol sanda duşuşyklardyr gepleşikleri geçirmäge niýetlenen ýörite otaglar ýerleşer. Minaralaryň birinde 97 metr belentlikde syn ediş meýdançasyny gurmak göz öňünde tutulýar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com