Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Agzybirlik nireden başlanýar?

11-06-2022 / 5368

Durmuşda haýsy mesele bolsa-da, islendik adam “Ata-babalarymyzyň aýtmadygy ýog-a” diýip, öz pikirini degişli nakyl bilen düşündirýär. Durmuşyň örän köp çözgüdi agzybirlik bilen baglylykda ýüze çykýar.

Agzybirlik barada aýdanyňda, ilki bilen “Agzybire Taňry biýr — agzaladan gaňrybiýr” diýen nakyl oýuňa gelýär. Bu nakyla “Eger, agzybir bolmasak, Hudaý bize rysgal bermez, beren rysgalynam yzyna alar” diýip düşünýäris. Emma, agzalalyk biziň diňe rysgalymyzy kemeltmän, eýsem, iň gymmatly, bir ýitirenimizden soň gaýdyp tapyp bolmajak, näçe köp zähmet çekibem, gazanyp bilmejek saglygymyzam kemeldýär.

Agzalalygyň başy özüňi aşa gowy görmekden we uly baha bermekden başlanýarmyka diýýärin. Ol ulyny-kiçini sylamazlykdan, biri-birimize aýdaýmaly hoş sözleri aýtmazlykdan, diňe özümiňki dogry diýen pikiri öňe sürmekden, oňşuksyzlykdan başlanýar.

Gündogaryň akyldary Jelaletdin Rumy özüniň meşhur “Mesnewi” eserinde “Men-menlikden gutulanlara Gögem sežde eder, Aýam, Güneşem” diýip, belleýär. Akyldaryň setirlerinde uly many bar. “Men-menlik edýän adamlar agzalalygyň, ýaramaz pikirleriň, müňkürligiň nökerleridir, kenizleridir” — diýip, ol aýdýar.

Agzybirlik nireden başlanýarka?

Agzybirlik, gör, nähili ýakymly, gowy söz!

Allatagala hemme janly-jandarlardan tapawutlylykda ynsan ogluna akyl-huş beripdir. Bu adamzada Beýik Biribaryň eçilen iň gymmatly baýlygy. Şol hazynany her adam özüçe peýdalanýar. Özüňçe peýdalanmak aýyp zat däl, ýöne diňe öz bähbidiň üçin peýdalansaň nädogry bolar!? Ýok! Bu asla dogry däl. Il-gün, dost-ýar, dogan-garyndaş, ýakyn-u-daş, ýakynlaryňa iň bolmanda “hoş” sözleri eçilseň, ýykylana gop berseň, azaşany ýola gönükdirseň, şol hem adamkärçiligiň beýik alamatlary ahyry.

Adamkärçiligiň hakyky gözbaşy agzybirlik, gör, ol nireden başlanýar eken. Agzybirlik adamyň ruhy saglygynyň binýadydyr, ömrüniň synmaz sütünidir. Şonuň üçinem, agzybir bolalyň! Ruhubelent hem saglykda ýaşalyň!

Gülendam TAŇRYBERDIÝEWA,
Halaç etrabyndaky 45-nji orta mekdebiň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com