Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
HabarlarSport we syýahatçylyk

Agyr atletikaçy Atajan Daýyýew Gresiýada bürünç medal gazandy

Türkmenistanly agyr atletikaçy Atajan Daýyýew ýetginjekleriň arasynda Iraklionda (Gresiýa) geçirilen dünýä çempionatynda ştangany itekläp götermekde bürünç medala mynasyp boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby 109 kilogramdan ýokary iň agyr agramda baýrak ugrunda bäsleşen 8 türgeniň arasyndan saýlanyp, şeýle üstünlik gazandy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

A.Daýyýew ştangany silkip götermekde dördünji netije (162 kg), itekläp götermekde üçünji (208 kg) netije görkezdi. Iki synanşygyň jemi boýunça (370 kg) ildeşimiz bürünç baýrak alan Bogdan Taranenkodan (Ukraina) – 374 (167+207) 4 kg pes netije bilen 4-nji orna düşdi. Kümüş medala Mirhosil Mirzaboýew (Özbegistan) – 388 кg (176 + 212), altyn medala Alireza Ýusefi (Eýran) – 416 кg (177 + 239) mynasyp boldular.

20-nji maýda 20 ýaşaýan Atajan Daýyýew mundan ozal 102 kg-dan agyr agramda 2019-njy ýylda Las-Wegasda (ABŞ) ýetginjekleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda kümüş, 2019-njy ýylda Phenýanda (KHDR) ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medal gazanypdy. Häzirki ýetginjekleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda ol iki synanşykda (370 kg) netije bilen geçen ýyl Daşkentde ýetginjekleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatyndaky ozalky netijesini 35 kg artdyryp, şahsy rekordyny täzeledi.

Şu ýyl türkmen agyr atletikaçylary ýene jogapkärli ýaryşlaryň birnäçesine gatnaşarlar. Iýun aýynda Meksikada ýetginjekleriň arasynda dünýä çempionaty, iýulda Daşkentde (Özbegistan) ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionaty geçiriler, awgust aýynda Konýa şäherinde (Türkiýe) Yslam raýdaşlygy V oýunlaryny, dekabrda bolsa Kolumbiýada erkekleriň we zenanlaryň arasynda dünýä çempionatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

«TürkmenGazet».

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu