Agata Kristiniň galamyna degişli käbir setirler

Wagt ussat ýok edijidir.

Instinkt örän ajaýyp zat. Ony ne-hä düşündirip bolýar ne-de ret edip.

Adamlar durmuşlaryndaky iň wajyp pursatlaryny heniz giç bolýança duýmaýarlar.

Iň gowy tanaýan adamyňa-da hemme bilýänleriňi aýtma.

Durmuşda iň gaýgyly pursatlaryň biri ol hem şol pursatlaryň diňe biri ýadyň düşmekligidir.

Bir enäniň perzendine bolan söýgüsini dünýädäki hiç bir zat bilen deňeşdirip bolmaz. Onuň ýanynda kanunlaram, gaýgy-hasratlaram ters gelýär. Ol söýgi ýolundaky ähli zatlara
döz gelip böwetleri gazap bilen derbi-dagan edýär.

Gowy maslahatdan köplenç ýüz öwrülmegi onuň gerekmejekdigini aňlatmaýar.

Mümkin dällik hiç wagt bolmady. Şonuň üçin hem onyň sypaty bolmasa-da
mümkinlige öwrüläýmeli.

 

Agata Kristi barada gyzykly maglumatlar

Agata tutuş ömrüni dogduk şäherinde geçirýär. Agata Kristi 1890-njy ýylda Angliýanyň Dewon welaýatynyň Torkueý diýen şäherinde eneden bolýar. Ol ilki ejesi Klara we doganlary bilen ýaşaýar. Soňra bolsa, 1914-nji ýylda Akribald Krista durmuşa çykansoň, ýaşaýşyny ýene şol şäherde dowam etdirýär.

Agata Kristi we kätiplik wezipesi. Agata Birinji Jahan urşy ýyllarynda hassahanada şepagat uýasy bolup, ýeňişe öz goşandyny goşýar. Şol bir wagtyň özünde-de dermanhanada kätibiň wezipesini hem ýerine ýetiripdir.

Kristi hekaýalaryny täzeden ýazar eken. Ýaşajyk gyz edebiýat karýerasynyň başlarynda hekaýalaryny «The Saturday Evening Post» atly žurnalda çap etmäge synanyşýan mahallary žurnalyň wekilleriniň talaby boýunça olary birnäçe gezek täzeden işlemäge mejbur bolupdyr.

Agata Kristiniň mirasy. Agata Kristi ömrüniň dowamynda altmyş sany detektiw nowellalary we on dört sany kiçi göwrümli hekaýalary ýazypdyr.

Dereksiz ýitmek. Haçanda Kristiniň adamsy Arkibald onuň bilen aýrylyşmak meýliniň bardygyny aýdanda, ol hiç kime habar etmän on günläp ýitirim bolupdyr. Syrly eserleri ýazýan ýazyjynyň gizlin ýitirim bolmagy baradaky habarlar tutuş metbugatyň birinji sahypasynda gyzgyn habar bolupdyr. Ahyrynda ony Herogeýt myhmanhanasynda tapypdyrlar.

Kristi her kimi haýrana goýýan iki sany aňtaýjyny dünýä getirdi. Meşhur aňtaýjylar Herkiýul Poýret we Mis Marpel dagylar Agatanyň hyýaly gahrymanlarydyr. Bu aňtaýjylar awtoryň birnäçe eserlerinde çykyş edip, olar barada birnäçe meşhur aktýorýarlaryň gatnaşmagynda kinofilmler hem surata düşürildi.

Kristiniň kitaplary elmydama bestseller. Hasaplamalara görä, Agata Kristi dünýäde iň köp çap edilýän kitaplaryň awtory hökmünde Şekspirden soň ikinji orunda durýar. Ol diňe bir detektiw eserleri däl, söýgi barada hem ýazdy. Agata Kristi syrly eserleri ýazmagyndan başga-da, alty sany söýgi barada hem nowellalary miras goýup gitdi. Emma bu nowellalar Meri Westmekotyň adyndan çap edilipdir.

Oguljahan GURBANOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.