12-nji aprelde paýtagtymyzda “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy. Şu mynasybetli dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

“Bouygues Batiment International” meşhur fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan banklaryň täze binalary Aşgabadyň günorta böleginde, soňky ýyllarda paýtagtymyzyň işewürlik merkezi kemala gelen Çandybil şaýolunyň ugrunda ýerleşýär.

Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary dabara ajaýyp öwüşgin çaýdy. Döredijilik toparlary bu waka mynasybetli ajaýyp çykyşlaryny taýýarlapdyrlar. Sazly-horeografiýa sahnasynda gündogar hökümdarlarynyň köşk gaznasynyň baýlygyny görkezýän görnüşler, şonuň ýaly-da, asyrlaryň jümmüşinden gelýän söwda däpleri janlandyryldy.

«Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banky hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky hyzmatlaryň möçberi boýunça ýurdumyzyň esasy banklarydyr. Dürli ýaşdaky raýatlar üçin «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň «Pensiýa», «Ruhubelent nesiller», «Watan gerçekleri», «Möhletli», «Zenan kalby» hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Täze manat — täze durmuş», «Çagalara niýetlenen maksatly goýum», «Ene-atalar hakynda alada», «Halkyň saglygy — Watan baýlygy», «Çagalar — biziň geljegimiz», «Bähbitli» goýumlaryny nagt we nagt däl goýumlaryň mysaly hökmünde belläp bolar.

“Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky

Binanyň umumy meýdany 17 müň inedördül metrden gowrakdyr. Edaralaryň birinji we ikinji gatlarynda amallar zallary, depozitariýa, pulhanalar, mejlisler zaly we naharhana, dürli maksatly beýleki otaglar ýerleşýär. Köp sanly gulluklar we hünärmenleriň iş otaglary-da hemme zerur enjamlar bilen üpjün edildi. Täze binada gymmatlyklary ygtybarly saklamak düzgünlerini we şol bir wagtda müşderilere hyzmat edilmegini üpjün etmek üçin hemme şertler göz öňünde tutuldy.

Täze binada döwrebap kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen iş orunlarynyň 300-den gowragy gurnaldy. Bankyň hünärmenleri bir wagtyň özünde 250-den gowrak müşderini kabul edip, olara ýokary derejede hyzmat edip bilýärler.

Häzir «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň gullugy hem-de onuň 23 sany şahamçasy tutuş ýurdumyz boýunça hereket edýär, 600 müňden gowrak müşderä hyzmat edip, olara amatly goýumlaryňdyr hyzmatlaryň giň görnüşlerini, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegini karzlaşdyrmak bilen birlikde, karz serişdeleriniň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Bank işewürlik taslamalarynda karz bermek goldawyny amala aşyrýar. Şolaryň hatarynda “Ýigit” ýyladyşhana toplumy hojalyk jemgyýeti, “Mizan” gallany gaýtadan işlemek boýunça zawodlar toplumy hojalyk jemgyýeti, azyk önümlerini öndürmek boýunça köp sanly kärhanalar bar. “Döwletli — Döwran” hojalyk jemgyýeti bankyň karz beren serişdeleriniň hasabyna keramiki bezeg kerpiçleriniň, “Ak çeşme” hojalyk jemgyýeti bolsa haly önümçiligini ýola goýdy.

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky 2009-njy ýyldan başlap, “Deutsche Bank Trust Company Americas”, “Deutsche Bank Frankfurt am Main” iri dünýä banklarynda hasaplaryny açyp, müşderilere daşary ýurt pulunda eksport-import söwda geleşiklerini bökdençsiz amala aşyrmaga mümkinçilik döretdi.

13 ýyl mundan ozal, SWIFT Bütindünýä bankara maliýe telekommunikasiýalar jemgyýetiniň agzasy bolup, bank özüniň müşderilerine daşary ýurt pulundaky tölegleri ibermek mümkinçiligini döretdi.

“Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky ilkinjileriň biri bolup, “Ýyldyrym” içerki pul ibermeleriniň ulgamyny hem-de “Western Union” halkara elektron ulgamynyň işini ýola goýdy.

“Senagat” paýdarlar täjirçilik banky

Umumy meýdany 16 müň inedördül metrden gowrakdyr. Beýikligi bolsa, 76,5 metre, ini 35,5 metre barabardyr. “A” toplumda dolandyryş, hojalyk we tehniki otaglary ýerleşýär. 1-nji gatda 247 orunlyk maslahatlar zaly we beýleki otaglar, 2 — 11-nji gatlarda iş otaglary bar. Binanyň ýokarky gatlarynda bankyň ýolbaşçylarynyň iş otaglary ýerleşýär.

“B” toplumda ikinji gatda amallar zaly, müşderiler bilen işlemek üçin otaglar, kassalar ýerleşýär. Şeýle-de bu ýerde gazna, naharhana, gulluk ulaglary üçin duralga bar.

Mälim bolşy ýaly, “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanyň öňdebaryjy täjirçilik banklarynyň biridir, ýurdumyzda bankyň 13 şahamçasy hem-de bir bank gullugy işjeň hereket edýär.

Bank ilkinjileriň biri bolup, kiçi we orta telekeçilige maliýe goldawyny berip başlady Onuň hyzmatlaryndan hususy telekeçiler, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalar, bilelikdäki kärhanalaryň we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri peýdalanýarlar. Mundan başga-da, bank ýurdumyzda gymmatly kagyzlaryň bazaryny guramak boýunça işleri geçirýär. “Senagat” banky “Aşgabat gazna biržasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjylaryň biridir.

“Senagat” banky 2008-nji ýylda SWIFT ulgamynyň agzalygyna birikdirildi. Bankyň müşderileriniň daşary ýurt pulunda eksport-import söwda geleşikleriniň bökdençsiz ýerine ýetirilmegi üçin ähli mümkinçilikler döredildi.

«Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň «The Banker» žurnalynyň 2015-nji we 2016-njy ýyllarda geçiren bäsleşikleriniň netijesinde, iki gezek «Türkmenistanyň iň gowy banky» adyna mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Bu hormatly at degişli ulgamyň edaralarynyň Türkmenistanyň bank bazarynda öňdäki orunlary eýelemeginiň ykrarnamasydyr. 2013-nji ýylda Halkara işewürlik assosiasiýasynyň (Business Initiative Directions) howandarlygynda Şweýsariýada (Ženewa ş.) geçirilen B.I.D hil boýunça XXV Halkara Konwensiýasynda “Senagat” PTB «Century International Quality ERA» baýragyna mynasyp boldy. Türkmen banky bu baýraga hil, öňdebaryjylyk, tehnologiýalar we innowasiýalar üçin eýe boldy.

“Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň ileri tutýan ugry ýurdumyzyň haryt öndürijilerini goldamakdan ybaratdyr. Bank ýuridik we fiziki şahslar üçin karzlaşdyrmak, kepillendirilen depozit amallary, elektron pul geçirimleri, elektron tölegleri we beýleki bank hyzmatlaryny ýerine ýetirýär.

“Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň esasy maksady ilatyň pul serişdelerini goýumlara çekmek bolup durýar. Şol serişdeler uzak möhletli maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin zerur karz goýumlarynyň möhüm çeşmesine öwrülýär.

Häzirki wagtda bank ilatyň isleglerini we tekliplerini nazara almak bilen, dürli şertleri bolan goýumlaryň 9 görnüşini hödürleýär.

Karz syýasatyna laýyklykda, “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky bazarlary haryt bilen doldurmak, täze iş orunlaryny döretmek bilen meşgullanýan hususy kärhanalar we telekeçiler üçin amatly şertleri döredýär. Häzirki wagtda müşderileriň isleglerine baglylykda, bank ýuridik şahslara we hususy telekeçilere önümçilik karzlarynyň dürli görnüşlerini teklip edýär.

Bankyň işiniň sanly ulgama geçirilmegi müşderiler üçin mümkinçilikleri artdyrmaga, nagt däl hasaplaşyklar boýunça amallary ösdürmäge, hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga, hyzmatlaryň täze, döwrebap görnüşleriniň — «Internet-banking», «Mobil-banking», “Galtaşyksyz töleg”, «Goýum bank karty», «Maşgala», «Ýol karty» hyzmatlarynyň peýda bolmagyna ýardam etdi.

Bank öz müşderilerine «Cash baсk» höweslendiriji hyzmatyny hödürleýär. Onuň aýratynlygy degişli terminallaryň oturdylan ýerlerinde — iri söwda merkezlerinde we jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda “Altyn asyr” ýa-da “Goýum” karz kartlary bilen töleg geçirmek bolup, şunda her aýyň ahyrynda bank müşderiniň kartyna hasaplaşygyň göterimini geçirýär.

«Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň hünärmeni döwlet Baştutanymyza karzlaşdyrmagy kämilleşdirmek, edara-kärhanalara hem-de raýatlara hödürlenilýän bank hyzmatlaryny giňeltmek hem-de hilini gowulandyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada maglumat berip, bankyň resmi saýty arkaly onlaýn ýüz tutma hyzmaty barada jikme-jik gürrüň berdi. Şunda ol resmi www.senagatbank.com.tm internet sahypasy arkaly karz almak işiniň tutuş tapgyryny beýan etdi.

Internet söwdasy bankyň täze hyzmatlarynyň biridir. «Elektron söwda» hyzmaty Internet arkaly harytlary we hyzmatlary hödürlemäge mümkinçilik berýär. «Elektron söwda» hyzmatlaryna bolan isleg barha artýar, munuň özi nagt däl görnüşde elektron söwdany amala aşyrýan bankyň müşderileriniň sanynyň köpelýändigini tassyklaýar.