Žurnalistiň sahypasy

Dünýäniň ekologik taýdan nusgalyk şäheri

24-02-2023 / 8

Bilermenler Ýer togalagynyň barha maýlaýandygyny, bu ýagdaýyň bolsa, ilatyň köp bölegini, esasan hem, dünýädäki şäherleriň ilatyny oňaýsyz ýagdaýda goýýandygyny belleýärler. BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasy (UNEP) şäherleriň gyzgynlyk derejesini tebigatyň özi bilen, ýagny jaýlaryň töweregini ösümlikler bilen örtmek, ak üçekleri oturtmak we baglar bilen gurşamak arkaly peseltmegi teklip edýär. Serginlediji täsir, esasan hem, betonyň we asfaltyň Gün energiýasyny özüne siňdirýän, Gün ýaşandan soň hem ýylylyk bölüp çykarýan ýerlerinde has-da zerurdyr. Mundan başga-da, awtoulag hereketlendirijilerinden we senagatdan bölünip çykýan ýylylyk sebäpli şäherlerde gyzgynlyk derejesi ýokarlanýar. UNEP-iň hünärmenleri häzirki wagtda taslamasy oňat düzülen şäherleriň ýyladyş we sowadyş üçin sarp edýän energiýasynyň 25 göterimini tygşytlap boljakdygyna ynanýarlar.

UNEP-iň hünärmenleri şäherlerdäki ýylylygy azaltmagyň başga-da köp usulynyň bardygyny belleýärler. Mysal üçin, şäheriň daş-töweregindäki tokaýlary köpeltmek howanyň has arassa we salkyn bolmagyna täsir edýär. 2022-nji ýylyň aprelinde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänama berilmegi guwandyryjy wakadyr. Ýurdumyzda tokaýlaşdyrmak, gyzgynlyk derejesini peseltmek maksady bilen, ýylda müňlerçe nahal oturdylýar. Arkadag şäheriniň töwereginde agaç nahallary oturdylyp, ýaşyl zolaklar döredilýär. Ýaşyl agaçlar, ýaşyl fasadlar, üçekler we dogry gurluşyk taslamalary arkaly şäherlerde gyzgynlyk derejesiniň ep-esli peselmegini gazanyp bolýar.

Arkadag şäherinde ýurdumyzda elektrikli jemgyýetçilik ulaglarynyň ulanyljak ilkinji şäher boljakdygy ekoulgamyň abadanlygy barada döwlet tarapyndan aladanyň netijesidir. Ekologik taýdan arassa elektrobuslaryň, elektromobilleriň şäheriçi hereket etmekleri, elektrik tok beriji beketleriň gurulmagy şäherde arassa howa gurşawynyň bolmagyna, ekologiýa abadançylygyna oňyn täsir eder.

Ahalyň gözel künjeginde döredilen Arkadag şäheri daşky gurşaw bilen sazlaşykly utgaşyp, ýaşyl gurluşygyň kämil derejesinde bina edilýär. Arkadag şäheri dünýädäki «ýaşyl gurluşygyň» nusgalyk şäherleriniň birine öwrüler.

Orazgül ALLANAZAROWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň biologiýa fakultetiniň biologiýa hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu