Žurnalistiň sahypasy

Türkmenistan — Bahreýn: dostluk gatnaşyklary pugtalanýar

24-02-2023 / 11

1995-nji ýylyň dekabryndan bäri diplomatik gatnaşyklary ýola goýlan Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky uzak wagtlaýyn dostluk köprüsi hut ýagşy sözleriň, ikitaraplaýyn bähbitli ylalaşyklaryň üsti bilen gurlupdy. 2022-nji ýylyň 21-22-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýn Patyşalygyna resmi sapary iki ýurduň halklaryny baglanyşdyrýan dost-doganlyk we ruhy taýdan ýakynlyk gatnaşyklaryna esaslanýan, umumy abadançylygyň bähbidine giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm sahypany açdy.

Bahreýn Pars aýlagynda 30-dan gowrak adany eýeleýän döwletdir. Paýtagty — Manama şäheri. Hökümeti premýer-ministr dolandyrýar. Çägi boýunça arap döwletleriniň iň kiçisi hasaplanýan Bahreýniň meýdany 760 inedördül kilometre barabar. 2021-nji ýylyň maglumatlarynda döwletiň ilaty 1,463 milliona barabar diýlip görkezilýär. Pul birligi — bahreýn dinary. Döwleti 1783-nji ýyldan bäri Halifalar şa nesli dolandyrýar.

Türkmenistan we Bahreýn dostlukly esasda hem-de köptaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň, şol sanda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýär. Bahreýn Patyşalygy Türkmenistanyň Prezidentiniň oňyn başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar.

Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şonuň üçin döwlet Baştutanymyzyň Bahreýn Patyşalygyna şu gezekki sapary şol maksatlara gulluk etdi.

Göwher TAHYROWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu