Žurnalistiň sahypasy

Çaga oýunlaryň terbiýeçilik ähmiýeti

23-02-2023 / 47

Durmuşyň her bir meselesinde pähim-paýhasy ileri tutýan ata-babalarymyz nesillere çagalykdan milli häsiýetde terbiýe bermäge çalşypdyrlar. Olaryň sagdyn bedenli bolup ýetişmegi we watançylyk duýgularynyň belent bolmagy dogrusynda alada edipdirler. Bu babatda milli oýunlaryň ähmiýeti örän uly bolupdyr. Milli oýunlar dürli-dürli bolup, olaryň döreýiş taryhy gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Çaga doglanyndan onuň fiziki we aň ösüşine üns berlipdir. Ýaşajyk bedende hereket işjeňligini artdyrmak, aňyny ösdürmek maksady bilen birnäçe hereketli oýunlar döredilipdir.

Milli oýunlaryň aglaba bölegi gönüden-göni hereket bilen baglydyr. Ýöne akyl-paýhas bilen bagly oýunlar hem örän ýörgünlidir. Ene-mamalarymyz ogluny-gyzyny, agtygyny-çowlugyny heniz çagaka — bäbeklikden saýlanyp, hereketini artdyryp ugranyndan dürli görnüşli oýunlar bilen terbiýeläpdirler. Şeýle oýunlar diňe güýmemeklige niýetlenilen däldir, olar çagalaryň sagdyn bolmagy üçin-de ähmiýetlidir.

Milli oýunlaryň arasynda çaganyň ösýän döwrüniň belli bir wagtyna niýetlenen görnüşleriniň arasynda emedekleýän, ýörjen-ýörjen bolan çaga niýetlenenleri bar. Mysal üçin, «gizlenpeçek» görnüşindäki «jyk-jyk», kowalaşdym görnüşindäki «tutdum-tutdum», tiz aýak bitmegine gönükdirilen «durak-durak», «ýörjen-ýörjen», «gujak-gujak» ýaly birnäçe oýunlar çaganyň höwes bilen oýnaýan oýunlarydyr. Şeýle oýunlara güýmenen çagany synlan uly ýaşly adam onuň häsiýetine, özüni alyp barşyna gözegçilik edip bilýär. Çünki çaga hereketleriň dowamynda özüni çalasyn ýa-da gowşagrak alyp barmagy ahmal. Eger-de çaganyň bedeninde näsaglyk ýüze çykan bolsa, onuň oýna höwesi pes bolýar. Şonda ulular çaganyň keýpiniň ýokdugyny dessine duýup, onuň saglygynyň aladasyny edip başlaýar.

Çaganyň ýaşyna görä oýun oýnamagy adaty ýagdaýdyr. Şonuň üçin hem çaga ulaldygyça öz ýaşyna kybap oýunlara höwesi artýar. Ilki-ilkiler oglan-gyz bolup oýnalýan oýunlar ýörgünli bolýar. «gizlenpeçek», «bukuldym», «top zyňdy», «gözdaňdy», «guşakgoýdy», «urup gaçdy», «aýterek-günterek», «ýumak», «ýaranym» we ýene-de birnäçe oýunlar gyzlaryň we oglanlaryň bilelikde oýnaýan milli oýunlarydyr.

Selbi KEMALOWA,
Daşoguz şäherindäki 1-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu