Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlara ynam — geljege nazar

23-02-2023 / 8

Biziň halkymyz ýaş nesillere aýratyn nazar bilen garap, onuň terbiýesini, ylym-bilimini we sagdyn kemala gelmegini hemişe üns merkezinde saklaýar. Bu asylly ýörelge Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan il ýurt bähbitli özgertmelerinde, Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowam edýän döwletli syýasatynda hem aýdyň ýüze çykýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi zamanamyzyň ýaşlarynyň ykbalyna gaýtalanmajak öwüşgin berip, many-mazmun çaýýar. Ýurdumyzyň ýaşlarynyň irki ösüşinden başlap ähli aladalar bilen gurşalmagy, sowat öwrenmegi, edep-terbiýeli, hünär taýdan kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeklerini şertlendirýär.

Ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn ösmegi, belent ruhly, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler ýurduň geljegi hakynda edilýän aladalar bilen hem aýrylmaz baglydyr. Çünki geljek şu günki ýaş nesil bilen baglanyşdyrylýar. Arkadagly  Serdarymyz hem: “Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýip, ýaş nesliň ak ertirlerine uly ynam bildirýär. Gahryman Arkadagymyzyň: “Biziň ösüşlerimiz, ata Watanymyzyň berkararlygy, ýurdumyzyň asudalygy, il-günümiziň abadançylygy ýaşlarymyza baglydyr” diýen sözleri biz — ýaşlara egsilmez gaýrat, yhlas hem hyjuw bagyşlaýar.

Üstümizdäki ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagyny hem uly buýsanç bilen bellemek gerek. Bu ýyl hem ýaş raýatlaryň, türkmeniň ýaş nesliniň ömrüne öwüşgin boljak taryhy wakalaryň ýyly bolup, milli senanamamyzyň ajaýyp sahypalaryny bezär. Her bir ýaş raýatyň, ýaş maşgalanyň durmuş taýdan goragly, ähli taraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň yzygiderli goldawly zamanasynda ýaşamak, işlemek, döretmek bolsa biziň üçin bagtdyr. Şeýle taryhy zamanada, bagtyýar nesilleriň ykbalyna nur çaýýan parasatly eserleri peşgeş berýän, her bir ajaýyp işde nusga bolýan Gahryman Arkadagymyza, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny rowaçlandyrýan hormatly Prezidentimize türkmen ýaşlarynyň alkyşlary egsilmezdir.

Bilbil TATOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu