
Ýaşlaryň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin zerur bolan amatly mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwrüň talaplaryna hem-de geljekki ösüşiň ugurlaryna laýyklykda, bu babatdaky milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler amala aşyrylýar.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 28-nji ýanwarynda paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy geçirilip, guramanyň Tertipnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Bu ýyl «Arkadagly ýaşlar» atly täze elektron žurnal neşir edilip başlandy.
Islendik ýurduň ösüşi diňe bir onuň tebigy serişdeleri, ykdysady we durmuş mümkinçilikleri arkaly däl-de, eýsem, ýokary hünärli, köptaraply hünärmenleriniň, ylym we tehnologiýa ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň derejesine bagly bolup durýar. Täzeçil usullar, sanlylaşdyrma, ylmyň gazananlary we ýokary tehnologiýalar häzirki döwürde döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň, umuman, jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertini emele getirýär.
Ýurdumyzda ýaşlaryň zehinini, ukyp-başarnygyny ýüze çykarmaga gönükdirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders we taslama bäsleşikleri, «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Iň eýjejik gyzjagaz», «Merdana nesil», «Talyp gözeli», «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri», «Ýylyň talyby» ýaly bäsleşikler, «Talyp joşguny» döredijilik festiwaly, «Sanly çözgüt» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi her ýyl yzygiderli geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bolsa, olaryň üsti daşary ýurt dilleri boýunça guraljak «Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary», mekdep okuwçylarynyň arasyndaky «Parahatçylyk — çagalaryň sesi», ýaş hünärmenlerdir telekeçileriň gatnaşmagyndaky «Söwda we döwrebap hyzmat», «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň iň oňat önümi», «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň iň göreldeli ýaş telekeçisi» ýaly täze bäsleşikler bilen ýetiriler.
Ýaşlary halkymyzyň dünýä nusgalyk ynsanperwer, ahlak ýörelgeleriniň esasynda watansöýüjilik ruhunda, şöhratly pederlerimiziň wesýetlerine laýyk derejede terbiýelemek täze taryhy eýýamda döwletimiziň we jemgyýetimiziň hemişe üns merkezinde saklanylýar.
Döwletmyrat ANYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.



