
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň möhüm wakalarynyň birine öwrülen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýynda öňde goýlan täze wezipeler ýaşlar syýasatynyň giňden dabaralanmagyna öz täsirini ýetirdi.
Ylymly, bilimli, watansöýüji we dörediji ýaşlarymyzyň gatnaşmaklarynda ata Watanymyzy, jemgyýetimizi demokratik ýol bilen ösdürmekde, agzybirligimizi we jebisligimizi üpjün etmekde bitirilen netijeli işlere baha bermek gurultaýyň özenini düzdi. Şeýle-de onuň dowamynda Ýaşlar guramasy tarapyndan amala aşyrylmaly işleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşylyp, guramanyň Tertipnamasyna üýtgetmelerdir goşmaçalar girizildi.
Gurultaýyň dowamynda dürli ugurlarda okaýan we tutanýerli zähmet çekýän ýaşlara hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Watan, ýaşlar, geljek baradaky oňyn düşünjeler we garaýyşlar 2023-nji ýylyň şygarynyň düýp mazmunyny düzýär. Bu ýyly döredijilikli işler, zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak, ählimiziň, ilkinji nobatda, biz — bagtyýar ýaşlaryň mukaddes borjudyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz hem-de ýaş nesillerimiz uly bagta eýe boldy. Bu bagt, bu beýik ynam ýaşlar üçin dünýädäki iň uly gymmatlykdyr.
Yhlas ÝAZOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.



