Žurnalistiň sahypasy

Milli demokratiýamyz dabaralanýar

18-02-2023 / 8

Türkmenistanda möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka — Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýetip gelýän saýlawlaryna taýýarlyk işleri depginli dowam edýär.

Ýerlerde okrug saýlaw komitetleri işleýär, şeýle-de uçastok saýlaw toparlary döredildi, olaryň işgärleri üçin okuw maslahatlary geçirilýär. 26-njy martda geçirilmegi meýilleşdirilen bu çäre türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň, halk häkimiýetliligi ýörelgelerini pugtalandyrmagyň ýolunda ädilen täze anyk ädim bolar.

Ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, saýlaw möwsüminiň her tapgyrynyň möhletleri saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça çäreleriň merkezi saýlaw topary tarapyndan tassyklanan meýilnamasynda bellenendir. Häzirki wagtda dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär we bu çäre 24-nji fewrala çenli dowam eder. Ähli ýerlerde Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, Agrar partiýasyndan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, şeýle hem raýatlar toparlaryndan dalaşgärleri hödürlemek boýunça komitetleriň mejlisleridir ýygnaklary geçirilýär. 

Saýlawlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän demokratik özgertmeleriň ýolunda täze ädim bolar. Bu başlangyçlaryň üstünlikli amala aşyrylmagy ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň depginli ilerlemegine itergi berer. Şunuň bilen baglylykda, öňümizde geçiriljek saýlawlar hem-de dowam edýän dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak çäreleri häzirki türkmen döwletinde we jemgyýetimizde demokratik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki günde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylan bu özgertmeleriň mundan beýläk-de dowam etdirilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Jeýhun AŞYROW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Hojambaz etrap komitetiniň bölüm müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu