Žurnalistiň sahypasy

Terbiýeçiniň tejribesi we sapaklaryň täsiri

16-02-2023 / 38

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda geçilýän sapaklar köp ugurly we ýokary ähmiýetliligi taýdan tapawutlanyp, olaryň ählisi hem sowat ösdürmäge, çagalaryň aň we beden taýdan ösüşini kämilleşdirmäge hem-de kämil derejede terbiýelemäge gönükdirilendir.

Çagalar baglarynda geçilýän Şekil ýasamak, gurnamak we ýelimlemek sapagynyň hem ýokary ähmiýeti bardyr. Bu sapak körpeleriň başarnyklaryny baýlaşdyrmakda, olaryň ukyplaryny ýüze çykarmakda, duýgularyny ösdürmekde oňyn täsirlidir. Şoňa görä-de bu sapagyň baý mazmunly, ýokary hilli geçirilmegi üçin terbiýeçiniň sowatly we döredijilikli bolmagy zerurdyr.

Biziň çagalar bakja-bagymyzyň terbiýeçisi Ogulmaral Hapbaýewa hem okuw maksatnamasy we meýilnamasy esasynda geçirilýän sapaklary, şol sanda şekil ýasamak, gurnamak we ýelimlemek sapagyny hem ýokary derejede guramakda tejribeli terbiýeçi hasaplanýar. Onuň öz elleri bilen döreden şekiljikleri, esbaplary topar otagynyň görküni baýlaşdyryp, sapaklaryna aýratyn öwüşgin berýär. Ýakynda bolsa ol özüne degişli toparyň körpeleri bilen bu sapagyň gurnamak boýunça sagatlaryna laýyklykda, tebigy serişdelerden oýnawaç ýasamagyň usulyýetini göreldeli sapak arkaly görkezdi. Bu sapakda degişli tema esasynda ekologiýa taýdan arassa önümlerden çagalara kirpijigiň şekilini döretmegi öwretdi.

Çagalaryň uly gyzyklanma bilen kirpijigiň oýnawaç görnüşindäki şekilini taýýarlamaga işjeň gatnaşmaklary sapagyň gyzykly guralýandygyny görkezýär. Bu ýerde diňe bir çagalaryň ukyp-başarnyklaryny baýlaşdyrmak, serişdeleri ýerbe-ýer peýdalanmak endiklerini ösdürmek bilen birlikde, şekiljigi döredilýän kirpijigiň häsiýetlerini öwrenmäge-de, haýwanjyklara söýgi döretmäge-de mümkinçilik açylýar.

Çagalaryň irki ösüşinde we mekdebe taýýarlygynda ähmiýetli bolan şeýle gurnamak işleriň olaryň mekdep döwründe zähmet sapaklaryna işjeň gatnaşmaga we taýýarlykly barmaga şert döredýär. Ýeri gelende bellesek, şu ugurly sapaklar Mekdebe çenli Döwlet bilim standartynyň bölümlerine, ölçeglerine we  talaplaryna laýyklykda çagalaryň ählitaraplaýyn ösüşini gazanmakda hem netijelidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň işiniň kämilleşdirilmegi, terbiýeçileriň we mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy, döwrebap usulyýete daýanýan sapaklaryň geçirilmegi, ýaş nesillerimiziň giň dünýägaraýyşly, baý başarnykly, sowat-terbiýeli ýetişdirilmegi ugrunda uly mümkinçilikler döredilýär. Bular üçin bolsa biz hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize tükeniksiz alkyşlar aýdýarys.

Maýagözel MUHAMMETBERDIÝEWA,
Mary şäherindäki 25-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu