
Ýakynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň körpeleriniň arasynda “Berekella, pälwanlar!” ady bilen guralýan bäsleşigiň Mary şäher tapgyry geçirildi. Oňa çagalar baglarynda saýlanan körpeler gatnaşdy. Uly ruhubelentlikde guralan bu bäsleşik işjeň häsiýete eýe bolup, körpeje pälwanlar öz başarnyklaryny, sagdyn ukyplaryny görkezdiler.
Degişli şertlere laýyklykda, öz deň-duşlaryndan tapawutlanmagy başaran biziň çagalar bakja-bagymyzyň körpesi Daýanç Berdiýew Baş baýraga mynasyp boldy. Çagalar bakja-bagymyzyň III Uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparynda terbiýelenip, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda mekdebe taýýarlanýan Daýanç bäsleşigiň şertlerine görä, beden we duýgy taýdan ösüşini netijeli görkezdi. Körpeje pälwanyň çalasynlygy we ukyplary bedenterbiýe sapagyny oňyn özleşdirýändigini, şeýle hem onuň bu bäsleşige ykjam taýýarlanandygyny görkezýär.

Ýeri gelende bellesek, körpe pälwanymyz — Daýanç mundan başga-da dürli bäsleşiklere gatnaşyp, terbiýeçi-mugallymlaryň berekellasyna, ene-atasynyň guwanjyna mynasyp bolýar. Häzirki wagtda bolsa Daýanç has işjeň türgenleşip, başarnyklaryny baýlaşdyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nesillerimiziň erkana õsüp kemala gelmegi, aň we fiziki taýdan sagdyn bolmagy, bilim-terbiýeçilik işiniň ählitaraplaýyn sazlaşykly we guramaçylykly alnyp barylmagy ugrunda uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza, parasatly eserleri bilen durmuş mekdebini döreden Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.
Jeren REJEPOWA,
Mary şäherindäki 25-nji çagalar bakja-bagynyň II derejeli terbiýeçisi.



