Žurnalistiň sahypasy

Ylym – ynamly geljege ýol

16-02-2023 / 8

Ylmy tehnologiýalaryň ösýän, innowasion işläp taýýarlamalaryň gündelik durmuşa ornaşýan döwrüniň talaplaryna laýyklykda, her bir jemgyýetiň, döwletiň ösüşiniň düýp özeninde ylmyň-bilimiň durýandygy ählimize mälimdir. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge, şonuň esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleri giň dünýägaraýyşly, kämil bilimli edip ýetişdirmek barada uly aladalar edilýär.

Geçen ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatynda hormatly Prezidentimiziň: «Dünýädäki ähli ösüşler ylym hem-de tehnologiýalar esasynda amala aşyrylýar. Şoňa görä-de, ylmyň gazananlary, innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy tejribeler esasynda döwletimizi ösdürmäge möhüm ugur hökmünde garaýarys. Akademiki, pudaklaýyn we ýokary hünär bilim edaralarynda ylmy barlaglaryň netijeliligini kämilleşdirmek maksady bilen, ylmy edaralaryň hojalyk hasaplaşygy, sargytlaýyn esasda amala aşyrýan ylmy işleriniň gerimini giňelderis» diýip bellemegi has-da buýsandyryjydyr.

Ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap bilim ojaklary Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara berilýän ylmyň we bilimiň dünýä derejesine laýyk gelýändigini tassyklaýar. Eziz Diýarymyzda ylym-bilim ulgamlaryny öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek, ylmy-barlag işleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, usulyýetini kämilleşdirmek döwletimiziň baş maksatlarynyň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan alymlaryň, ylmy işgärleriň has-da döredijilikli işlemekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Döredilip berilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp talyp ýaşlarymyz, mugallymlar, ylmy işgärler ýurdumyzda geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara, dürli ylmy bäsleşiklere işjeň gatnaşýarlar.

Rejepbibi BABAÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu