Žurnalistiň sahypasy

Ýaş nesiller – şanly geljegimiz

16-02-2023 / 8

Belent üstünlikler bilen öňe alyp barýan şanly ýylymyzyň 28-nji ýanwarynda paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, belent maksatlar bilen röwşen geljege tarap ynamly gadam urýan türkmen ýaşlarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak ajaýyp wakalaryň biri boldy.

Gurultaýyň gün tertibine ýaşlar syýasatynyň meseleleriniň toplumy hem-de häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş nesilleriň öňünde goýan häzirki we geljekki wezipelerini çözmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak girizildi. Şundan ugur alyp, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylda hem öňümizde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hünärmenlerine, işjeň agzalaryna uly jogapkärçilik düşýär. Şeýlelikde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek olaryň ýokary hilli bilim almaklary, döredijilik, sport bilen meşgullanmaklary, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmaklary üçin ähli şertleri döretmek giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň ýaş nesliniň kemala gelmegi, Watan gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýörelgelerini terbiýelemek bolsa, guramanyň belent borjy we baş maksadydyr.

Häzirki döwürde Ýaşlar guramasy «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, ýaşlar toparlarynyň isleglerini öwrenmek maksatlaryndan ugur alýar. Guramanyň alyp barýan işleri jemgyýetimizde bitewüligi, jebisligi, agzybirligi berkitmäge, beýik özgertmelerimizi we milli maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmaga ýardam berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly sargytlary we öňdengörüjilikli taglymlary, Arkadagly serdarymyzyň halkymyza, Watanymyza wepaly gulluk etmekdäki şahsy göreldesi häzirki zaman ýaşlary üçin möhüm durmuş çelgisi bolup durýar. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine, halkara derejedäki abraýynyň ýokarlanmagyna goşant goşmaga gyzyklanmasy ýokary bolan ýaşlaryň işjeň we jogapkärçilikli durmuş ýörelgesi olaryň özleri üçin döwlet tarapyndan edilýän alada mynasyp jogaby bolup durýar.

Göwher MOWLÝAMOWA,
TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu