Žurnalistiň sahypasy

Himiýa pudagy bilimiň soňky gazananlary bilen utgaşýar

14-02-2023 / 12

Ýurdumyzda milli ylym-bilim mekdebini kemala getirmek, ýaş nesilleriň döwrüň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalar edilýär. Şeýle işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýokary okuw mekdepleri aýratyn orna eýedir. Biziň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetimiziň dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ylmyň gazanan soňky tehnologiýalary we tehnikalary bilen üpjün edilen ajaýyp himiýa fakultetiniň tejribehanalarynda ylmy-barlag işleri ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilikler döredilendir.

Fakultetimizde umumy we organiki däl himiýa tejribehanasy, himiki tehnologiýa we ýöriteleşme dersler tejribehanasy, organiki himiýa tejribehanasy, bioorganiki däl himiýa tejribehanasy, daşky gurşawyň himiýasy tejribehanasy, fiziki himiýa tejribehanasy, kolloid himiýa tejribehanasy, biohimiýa tejribehanasy, ýokary molekulýar birleşmeleriň himiýasy tejribehanasy, barlagyň fiziki usullary tejribehanalary bar. Tejribehananyň häsiýetli aýratynlyklaryna görä okuw we ylmy enjamlar, multimedia enjamlary bilen doly üpjün edilendir. Ähli tejribe otaglarynda himiki täsirleşmeleri geçirmek üçin gap-gaçlar, ýokary takyk analitiki tereziler, erginleri taýýarlamak, gyzdyrmak we sowatmak, çökündileri bölüp almak üçin ýörite enjamlaryň toplumlary bar.  Olaryň ýanynda tejribe işlerini geçirmeklige zerur bolan nusgalary taýýarlamak üçin ýörite taýýarlaýyş otaglary ýerleşdirilendir.    

Ýeri gelende aýratyn bellemeli işleriň biri hem fakultetimiziň professor-mugallymlarynyň Germaniýa Federasiýasy, Türkiýe Respublikasy ýaly döwletlerde ýokarda agzalan enjamlar bilen baglanşykly tejribelik okuwlaryny geçip gelendiklerini bellemek zerurdyr. Şonuň üçin hem öz işine ezber mugallymlarymyz tejribehanalarda işlemegiň düzgünlerini, ylmy-barlag işlerini alyp barmagyň inçe tärlerini talyp ýaşlara örän ussatlyk bilen öwredýärler.

Fakultetimizde ylmy-barlag işlerini alyp barmak üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän şertler döredilendir. Talyp ýaşlaryň şahsy döredijiligini açyp görkezmekde, ylmy gözlegleriň ilkinji basgançaklaryna ugrukdyrmakda örän wajyp işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň ündewlerinden ugur alnyp, ýokary okuw mekdebimizde “Halypa-şägirt” gatnaşyklary ýokary derejede durmuşa geçirilýär. Ylma höwesli talyp ýaşlar halypa sagatlarynda we ýörite meýilnama esasynda alnyp barylýan ylmy gurnaklarda öz saýlap  alan ylmy temasy boýunça fakultetiň professor-mugallymlarynyň öňünde ýörite sanly bilim tehnikalarynyň we multimediýa enjamlarynyň üsti bilen ylmy işiniň täzeçilligi, maksady, ýurdumyzyň ykdysadyýetine goşjak goşandy dogrusynda  çykyş edýärler, halypalardan degerli maslahatlary alýarlar.

Bize giň mümkinçilikleri döredip beren Arkadagly Serdarymyza, Milli Liderimize çäksiz sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

Selbi BAÝMAHANOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu