
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň barha rowaçlanýandygy biz – ýaş terbiýeçileri hem tüýs ýürekden buýsandyrýar.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň turuwbaşdan taryhy wakalary bilen ýaşlaryň ykbalynda täze sahypalary açýandygy bolsa buýsanç bilen bellenilmäge mynasyp. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy hem Diýarymyzy özgertmek boýunça öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde ýaş türkmenistanlylara uly ornuň degişlidigini nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlarynyň gatnaşmagynda üstünlikli geçen bu forum bagtyýar ýaşlar üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Şeýle-de onuň dowamynda Ýaşlar guramasy tarapyndan amala aşyrylmaly işleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşylyp, guramanyň Tertipnamasyna üýtgetmelerdir goşmaçalar girizildi.
Ýaşlar syýasatynda ýokary ähmiýeti bolan bu çäräniň dowamynda öz asylly zähmetleri bilen tapawutlanan ýaş türkmenistanlylaryň ençemesine Arkadagly Serdarymyzyň, Milli Liderimiziň we guramanyň Merkezi Geňeşiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu forumyň üstünlikli geçmegine bagyşlanan Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň Ak öýi” binasyndaky ýaş ýerine ýetirijileriň konserti bolsa bu çäreleriň üstüni ýetirdi. Baýramçylyk ruhly şeýle forumyň geçirilmegi ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň we jemgyýetçilik işleriniň mundan beýläk hem diňe öňe ilerlejekdiginden habar berýär.
Biz – ýaş bilim işgärleri hem şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, yhlasly zähmet çekmäge, tejribe toplamaga we nesillerimizi milli ruhda terbiýelemäge çalyşýarys. Çünki ýurdumyzyñ ak ertirleri hem şu günki bagtyýar nesliñ sowat-edebi, sagdyn bedeni we belent ruhy bilen aýrylmaz baglydyr. Hormatly Prezidentimiziñ: “Ýaşlar mähriban halkymyzyñ, eziz Watanymyzyñ geljegini gurujylardyr” diýen sözleri hem munuñ şeýledigini doly subut edýär. Şoña görä-de mundan beýläk hem yhlasly okap öwrenmek, döretmek we mukaddes ynamy ödemek türkmen ýaşlarynyñ baş borjudyr.
Biz şu Watanyñ perzentleri hökmünde ýaşlygymyzy täze eýýamyñ Galkynyşynyñ nuruna çaýýan Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyzy aýdýarys. Beýik paýhasy we kämil göreldesi bilen biziñ her birimize nusga bolýan Milli Liderimiziñ janynyñ sag, ömrüniñ uzak bolmagyny arzuwlaýarys.
Oguljeren ANNAGULYÝEWA,
Mary şäherindäki 21-nji çagalar bakja-bagynyñ terbiýeçisi.
TMÝG-niñ işjeñ agzasy.



