
Bu şäher – Arkadag şäheri. Täze şäher sanly ulgam şertleriniň häzirki zaman derejesini, ýurdumyzda “akylly” şäher konsepsiýasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär.
Täze şäheriň çäklerinde häzirki zaman sanly ulgamy esasynda lukmançylyk, bank, söwda edaralarynyň işlemegi üçin şertler dörediler, awtobuslaryň gatnawlary düzgünleşdiriler, taksi hyzmatlary hödürleniler. Şunda “akylly” şäher konsepsiýasynyň, elektron resminama dolanyşygynyň netijeli işiniň ýola goýulmagyna möhüm ähmiýet berler. Merkezde häzirki zaman internet ulgamynyň serişdeleri hereket eder we dürli ugurlar boýunça degişli portallaryň işleri ýola goýlar. Munuň özi döwrebap aragatnaşyk ulgamynyň kämil derejesiniň hemmeler üçin elýeterli bolmagyny şertlendirer.
Täze şäheriň çäginde elektrobuslaryň we elektromobil taksileriň işini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Şunda bu ulgamlaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek maksady bilen, hereket sazlaýjy yşyklaryň, awtoduralgalaryň işine sanly ulgam ornaşdyrylar. Munuň özi sazlaşykly hereketi hem-de şäher ilaty we onuň myhmanlary üçin ýokary derejeli hyzmatlaryň elýeterli bolmagyny üpjün eder. Ulag ýollarynda guruljak awtobus duralgalarynda, dürli maksatly desgalaryň golaýynda bina edilmegi meýilleşdirilýän açyk we ýapyk görnüşli awtomobil duralgalarynda, merkeziň yşyklandyryş ulgamynda “akylly” şäher konsepsiýasyndan ugur alynýar. Bu konsepsiýanyň esasy ugry bolsa bina edilýän desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeleriň ulanylmagyndan we ýokary ekologik derejäni üpjün etmekden ybaratdyr. Merkeziň çäklerinde ýerine ýetirilýän ähli işlerde şu ýörelgeleriň üpjün edilmegi esasy talap bolup durýar.
Merkeziň çäginde bina ediljek desgalarda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlarynyň we häzirki zaman sanly ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleler içgin öwrenilýär hem-de olaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
Azat MÄMEDOW,
TMÝG-niň Türkmenabat şäher Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.



