
Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda «Beýik işler asylly maksadyň durmuş beýanydyr» diýen sözler bar. Biz bolsa şeýle asylly maksatlardan gözbaş tapan beýik işleriň durmuşa geçirilýän döwründe ýaşaýarys.
Durmuşymyzyň taryhy wakalara beslenýändigi, beýik işleriň durmuşa geçirilýändigi döwlet ähmiýetli ähli işleriň mysalynda has aýdyň görünýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 21-nji ýanwarynda geçirilen Milli Geňeşiň we jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi hem şeýle beýik işleriň üstüni ýetirip, asylly maksatlaryň durmuşa geçirilýändigini görkezdi.
Bu taryhy mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen halkynyň Milli Lideri» diýlip kanun esasynda ykrar edilmegi ähli halkymyzy, döwletli waka gatnaşyjy bilim işgäri hökmünde bizi hem tüýs ýürekden buýsandyrdy. Eziz Arkadagymyzyň degişli konstitusion kanun esasynda «Türkmen halkynyň Milli Lideri» diýlip ykrar edilmegi jebis milletimiziň Gahryman Arkadagymyza goýýan egsilmez hormat-sarpasynyň nyşanydyr. Sebäbi döwrümiziň nusgalyk Şahsyýeti, Türkmenistanyň Gahrymany, Hormatly il ýaşulusy, il-ulsumyzyň Arkadagy taryh üçin gysga döwürde amala aşyran özgertmeleri, ata Watanymyzyň abraý-mertebesi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin beýik işleri bitirip, ähli türkmenistanlylaryň we dünýä türkmenleriniň belent hormat-sarpasyny, egsilmez söýgüsini gazandy. Milli Liderimiziň häzirki döwürde hem alyp barýan halk ähmiýetli işleri ýyllarymyzyň şanly senenamasyna altyn harplar bilen ýazylýar.
Şol taryhy wakada eziz Arkadagymyz eden çykyşynda hem: «Ilkinji nobatda, mähriban halkymyza daýanyp, ähli işlerimizi halkymyzyň bähbitlerine gönükdirýäris. Ýeten belent sepgitlerimiziň bolsa raýatlarymyzyň agzybirlikde, jebislikde, ýurtda alnyp barylýan syýasaty goldap, yhlasly zähmet çekmekleri netijesinde mümkin bolandygyny nygtamak isleýärin» diýip belledi. Bu sözleriň halka daýanyp, halkyň hatyrasyna amala aşyrylan işlere berilýän mynasyp bahadyr. Milli Liderimiziň: «Biz geljekde-de bu ýörelgelerimize ygrarly bolarys» diýip bellemegi bolsa Arkadagly Serdarymyzyň dowam edýän üstünlikli ýolunyň hem barha rowaçlanýandygyny, bu ýoluň arzyly menzilleriň köp sanlysyny nazarlaýandygynyň güwäsidir.
Halkymyzyň ak ertirlere bolan mukaddes ynamyny pugtalandyryp, Türkmenistan döwletimizi ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan hormatly Prezidentimize, il-halkymyz üçin görelde mekdebi bolan Milli Liderimize köňüllerimiziň töründen çykýan alkyşlarymyz joşgunlydyr hem egsilmezdir.
Tawus ANNAMÄMMEDOWA,
Mary şäherindäki 21-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri,
TDP-niň işjeň agzasy.



