
Beýleki pudaklar bilen bir hatarda obasenagat toplumy hem Watanymyzy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki gyş paslynyň öz hökümini ýöredýän günleri hem edermen babadaýhanlarymyz, işjanly maldarlarymyz öz iş ýerlerinde tarypa mynasyp zähmet çekýärler.
Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleri utgaşykly alnyp barylýar. Bugdaýa edilýän ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilýär, ýerleri sürmek we tekizlemek işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Pagta arassalaýjy kärhanalarda pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin degişli işler ýola goýulýar. Ýazky oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnika we gurallar abatlanylýar. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk işleri güýçli depginlerde dowam etdirilýär.
Maldarçylygy ösdürmäge öz mynasyp goşantlaryny goşýan sähra merdanalary hem azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde öwgä mynasyp işleri alyp barýarlar. Olar mallaryň baş sanyny abat we orta semizlikde saklamaga, ätiýaçlyk ot-iým gory bilen üpjün etmekde öz iş tejribelerine daýanyp, güýçlerini gaýgyrman işleýärler.
Durmuşa geçirilýän işleriň ählisi-de ýurdumyzdaky düýpli we ösüşli özgertmeleriň ajaýyp netijesidir. Her bir alnyp barylýan işiň sakasynda Arkadagly Serdarymyzyň halkymyz üçin edýän taýsyz tagallalary bar.
Wepa JORAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.



