Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlaryň syýasy işjeňligi ýokarlanýar

28-01-2023 / 8

Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän ynamy olarda geljegiň täze menzillerine, ösüşiň ýokary basgançaklaryna ymtylyş döredýär. 28-nji ýanwarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy hem türkmen ýaşlarynyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň bagtyýar şu gününiň we nurana geljeginiň bähbidine onuň köptaraply mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge höwesiniň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 21-nji ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň taryhy ähmiýetini aýratyn bellemek gerek. Döwrümiziň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylan taryhy maslahatyň il-ýurt bähbitli çözgütleriň kabul edilmeginde örän uly orny bar. Halkymyzyň biragyzdan goldamagy bilen, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen halkynyň Milli Lideri» diýlip yglan edilmegi göwünlerimize ganat berdi. Milli Liderimiz taryhy mejlisde eden çykyşynda ýurdumyzyň ählitaraplaýyn ösüşleri, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi we öňde duran möhüm wezipeler dogrusynda belläp: «Biziň ösüşlerimiz, ata Watanymyzyň berkararlygy, ýurdumyzyň asudalygy, il-günümiziň abadançylygy ýaşlarymyza baglydyr» diýdi. Bu çuňňur mazmunly sözler ýaş nesilleriň ruhy joşgunyny, döredijilik ylhamyny, zähmete bolan söýgüsini has-da artdyrdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi halkymyzyň nurana geljegine ynamyny has-da berkidip, ýaş nesilleriň Watanymyza bolan buýsanjyny goşalandyrdy. Munuň özi agzybirligi, jebisligi, halk demokratiýasyny ýörelge edinen türkmen halkynyň gadymdan bäri döwlet gurluşy bilen bagly toplan baý tejribelerini durmuş ýüzünde amala aşyrmaga uly ýardam berer.

Hakyky watançy ogul-gyzlary kemala getirmek, ýaşlary zähmete höweslendirmek, olaryň hemmetaraplaýyn ösüşini gazanmak işlerini özüne baş wezipe edip goýýan Ýaşlar guramasy hem döwrüň talaplaryna laýyklykda, iş usullaryny düýpli özgerdip guraýar hem-de kämilleşdirýär, ýaşlar bilen alyp barýan işlerini güýçlendirýär, dürli görnüşli wagyz ediş, medeni-köpçülik çärelerini geçirýär. 

Biz — Ýaşlar guramalarynyň wekilleri mundan beýlägem öz öňümizde durýan möhüm wezipelere abraý bilen hötde gelmekde, Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýörelgelerine ygrarly bolmakda hem-de mähriban Watanymyza ak ýürekden hyzmat etmekde mynasyp işleri alyp barjakdygymyza, hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli içeri we daşary syýasatyny dabaralandyrmakda tutanýerli yhlasly goşantlarymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys. 

Dursunjemal SARYÝEWA,
TMÝG-niň Dänew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu