Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlar — döwletiň daýanjy

27-01-2023 / 11

Ýaşlar — geljegi gurujylar. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän tutumly işleriniň netijesinde ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmegi, sagdyn bedenli, giň gözýetimli adamlar bolup ýetişmekleri üçin aladalar edilýär. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 28-nji ýanwarda geçirilýän VIII gurultaýy hem ýaş nesillerimiz üçin täze mümkinçilikleri açar. 

Üstünliklere beslenen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyz hem türkmen ýaşlarynyň durmuşynda baý mazmunly sahypalaryň biri boldy. Geçen ýylda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçirilmegi, bu gurultaýyň dowamynda ýurdumyzyň ýaşlaryna uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň taryhy çykyş etmegi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekmegi we ýaşlar bilen bagly ähli meselelerde öňde durýan wezipeleri kesgitläp bermegi türkmen halkynyň ýagty geljegi üçin ädilen ýene bir möhüm ädim boldy.

Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän ynamy olarda geljegiň täze menzillerine, ösüşiň ýokary basgançaklaryna ymtylyş döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň beýik maksatlarynyň töweregine mäkäm jebisleşen halkymyz we ýaş nesiller uly bagta eýe boldy. Ol bagt eziz Watanymyza, Arkadagly Serdarymyza, merdana halkymyza guwanyp, buýsanyp ýaşamak bagtydyr. Bu bagt ýaşlar üçin dünýäde iň uly baýlykdyr, mukaddes ýörelgedir. Çünki her birimiziň gazanýan üstünligimiz Watanymyza abraýdyr, şandyr. Yhlasly çeken zähmetimiz ata Watanymyzyň ösüşleriniň kepilidir. 

Biz — Ýaşlar guramalarynyň wekilleri mundan beýlägem öz öňümizde durýan möhüm wezipelere abraý bilen hötde gelmekde, Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýörelgelerine ygrarly bolmakda hem-de mähriban Watanymyza ak ýürekden hyzmat etmekde mynasyp işleri alyp barjakdygymyza, hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli içeri we daşary syýasatyny dabaralandyrmakda tutanýerli yhlasly goşantlarymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys. Berkarar döwleti bina edip, ýaşlary ýagty ertirlere ynam bilen alyp barýan, ýurduň bedew batly ösüşlerinde ýaşlara uly bil baglaýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu