
Ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Milli Geňeşiň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň möhüm syýasy wakasy bolup, il-günümiz bilen bilelikde, biz – bilim-terbiýeçilik işgärlerinde hem guwanç duýgusyny döretdi.
Bagtyýar, jebis hem agzybir jemgyýetimiziñ durmuşynda ýokary ähmiýeti bolan bu taryhy mejlisde halk demokratiýasyny dabaralandyrmak bilen bagly taryhy çözgütler kabul edildi. Milli Liderimiz – Gahryman Arkadagymyzyñ çuññur mazmunly taryhy çykyşy mejlise gatnaşanlarda hem-de ähli halkymyzda uly täsirleri galdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyñ “Türkmen halkynyñ Milli Lideri” diýlip konstitusion Kanun esasynda ykrar edilmegi ähli watandaşlarymyzyñ, şol sanda biz – bilim-terbiýeçilik ulgamynyñ wekillerinde hem uly buýsanç duýgusyny döretdi. Bu pursatlar arzyly eýýamyñ ajaýyp wakasy hökmünde hakydalarymyza ebedilik ýazyldy. Şeýle hem bu sene “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyñ” sene ýazgysyna hem altyn harplar bilen ýazylar.
Eziz Arkadagymyz sözlän sözünde geçen taryhy döwrüñ dowamynda ähli babatdaky milli ösüşlerimiz, gazanan üstünliklerimiz barada belläp: “Biz geljekde-de bu ýörelgelerimize ygrarly bolarys. Ähli raýatlarymyz bilen bilelikde, Garaşsyz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň bähbidine yhlasly işläris” diýip nygtady. Munuñ özi ýeñişli hem röwşen ýollarymyzyñ geljekde hem diñe öñe ilerlejekdiginden, mertebeli menzilleriñ dowamat dowam boljakdygyndan aýdyñ alamatdyr.
Ýeri gelende bellesek, şol günde “Türkmenistanyñ Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” we “Türkmenistanyñ Halk Maslahaty hakynda” Türkmenistanyñ Konstitusion kanunlarynyñ hem-de “Türkmen halkynyñ Milli Lideri hakynda” Türkmenistanyñ Konstitusion kanunyñ taslamalary kabul edildi. Halkymyzyñ isleg-arzuwlary bilen bagly bolan bu kanuny özgertmeler bolsa ýurdumyzda milli demokratiýanyñ barha rowaçlanýandygynyñ güwäsidir.
Biz hem ýokary derejede geçirilen we taryhy waka öwrülen şol mejlise gatnaşan bilim işgäri hökmünde Watanymyzyñ buýsançly pursatlaryny ýaş nesillerimiziñ arasynda wagyz etmäge, oña seslenmäge we öñde duran asylly wezipelere goşant goşmaga ruhlanýarys.
Bizi bagtyýar durmuşda ýaşadýan, Diýarymyzy barha gülledip-ösdürýän hormatly Prezidentimiziñ janynyñ sag, mertebesiniñ belent, il-ýurt bähbitli tutumlarynyñ rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Ykballary özgerden belent işleri bilen ömürlerimize bagt nuruny çaýýan halkymyzyñ Arkadagy – Milli Liderimize egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys.
Maýagözel MYRADOWA,
Mary şäherindäki 7-nji çagalar bakja-bagynyñ müdiri.



