
Islendik döwletiň kuwwaty diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl-de, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen kesgitlenilýär. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň şu gün — 28-nji ýanwarda geçiriljek VIII gurultaýy hem ýaş nesillerimiz üçin täze mümkinçilikleri açar.
Gurultaýda garaljak meseleleriň hatarynda ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak, döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, olary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ýaly möhüm wezipeleriň bolmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ýaşlar syýasatynyň giň gerime eýedigini tassyklaýar.
Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän ynamy olarda geljegiň täze menzillerine, ösüşiň ýokary basgançaklaryna ymtylyş döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň beýik maksatlarynyň töweregine mäkäm jebisleşen halkymyz we ýaş nesiller uly bagta eýe boldy. Ol bagt eziz Watanymyza, Arkadagly Serdarymyza, merdana halkymyza guwanyp, buýsanyp ýaşamak bagtydyr. Bu bagt ýaşlar üçin dünýäde iň uly baýlykdyr, mukaddes ýörelgedir. Çünki her birimiziň gazanýan üstünligimiz Watanymyza abraýdyr, şandyr. Yhlasly çeken zähmetimiz ata Watanymyzyň ösüşleriniň kepilidir.
Häzirki taryhy zamanamyzda ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, halkymyza mahsus bolan ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge, watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny, raýat jogapkärçiligini terbiýelemäge, geçmiş taryhymyzy, däp-dessurlarymyzy kämil bilýän we ony hormatlaýan şahsyýetleri kemala getirmäge gönükdirilen çäreler üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk babatda zerur şertleriň hem-de möhüm döwlet kepillikleriniň döredilmegine, jemgyýetçilik birleşikleriniň ösüşine, şeýle-de olary goldamaga gönükdirilýär. Şoňa görä-de bu günki günde döwür bilen aýakdaş gadam urýan bagtyýar ýaşlar Watanymyzyň gülläp ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşmaga çalyşýarlar.
Gandym WELLEKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.



