Žurnalistiň sahypasy

Taryhy wakanyň täsiri

26-01-2023 / 7

Mälim bolşy ýaly, 21-nji ýanwarda Milli Geñeşiñ we jemgyýetçilik wekilleriniñ bilelikdäki mejlisi ýokary guramaçylykly we baý mazmuna beslenip geçirildi. Oña gatnaşan bilim işgärleriniñ hatarynda maña hem taryhy ähmiýetli pursatlara şaýat bolmak nesip etdi. Munuñ özi täze eýýamyñ Galkynyşyna beslenen zamanamyzda bilim- terbiýeçilik ulgamynyñ wekilleriniñ hem jemgyýetdäki ornunyñ uludygyny görkezýär.

Şu günler bolsa ýurdumyzyñ ähli ýerlerinde şol taryhy wakanyñ ýatdan çykmajak pursatlaryna, netijeli çözgütlerine bagyşlanan dabaraly maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Olarda halk demokratiýasynyñ dabaralanmagy, kanuny özgertmeleriñ kabul edilmegi, esasan-da Gahryman Arkadagymyzyñ türkmen halkynyñ Milli Lideri hökmünde kanun esasynda ykrar edilmegi bilen bagly buýsançly çykyşlar edilýär.

Biz – bilim işgärleri hem ähli halkymyz bilen birlikde, eziz Arkadagymyzyñ “Türkmen halkynyñ Milli Lideri” diýlip kanun esasynda ykrar edilendigine tüýs ýürekden buýsanýarys. Döwrümiziñ Beýik Şahsyýeti, il-ulsuň Gahryman Arkadagy – milli Liderimiz dünýäde ykrar edilen Lider hökmünde tanalýar. Taryh üçin gysga wagtyñ dowamynda merdana milletimiziñ eşretli durmuşy, ýurdumyzyñ ähli babatdaky kuwwatly ösüşleri we Ýer ýüzüniñ parahatçylygy ugrunda giñ möçberli işleri durmuşa geçiren Gahryman Arkadagymyz türkmen halky, şol sanda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan sarpalanýar, hormatlanýar.

Ýeri gelende bellesek, şol günde kabul edilen Kanunlar hem döwlet durmuşynda we milli kanunçylygymyzda ýokary ähmiýete eýedir. Biz bilim-terbiýeçilik ulgamynyñ wekilleri hökmünde şeýle wakalaryñ syýasy-terbiýeçilik ähmiýetini kärdeşlerimiziñ, terbiýeçilik işgärleriniñ we ösüp gelýän ýaş nesillerimiziñ arasynda wagyz edýäris. Sebäbi biziñ ýurdumyzda jebislik, agzybirlik hem-de döwletlilik şeýle taryhy wakalaryñ dabaralanmasy bilen has-da pugtalanýar.

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýen şygar bilen rowaçlanýan taryhy ýylymyzda milli senenamamyza altyn harplar bilen ýazyljak pursatlary biziň durmuşymyzda, döwrümizde hem-de dünýämizde dowam edýän hormatly Prezidentimize köñülleriñ alkyşy egsilmezdir. Halkymyzyñ milli Lideri Gahryman Arkadagymyza buýsanjymyz çäksizdir.

Hatyja MYRADOWA,
Mary şäherindäki 18-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu