Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlaryň ýoly ýalkymly

26-01-2023 / 7

Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyñ hem barha dabaralanmagy biziñ döwrümize, ýaş nesillerimize bolan buýsanjymyzy has-da goşalandyrýar. 2023-nji ýylyñ “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyñ ýaş nesline bildirilýän uly ynamy alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyñ sentýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyñ VII gurultaýynda eden çykyşynda: “Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesiller düzýär. Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Bagtyýar ýaşlarymyz halk hojalygynyň dürli pudaklarynda milli hem-de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekýärler” diýip belledi. Bu taryhy çykyşda aýdylan sözlerden hem görnüşi ýaly, ata Watanymyzyñ şu güni we geljegi, ajaýyp ösüşleri ýaş türkmenistanlylaryñ şahsyýeti, durmuşy we zähmeti bilen baglanyşdyrylýar.

Hakykatdan hem ýaş nesil halkyñ ertirine bolan ynamyny, geljegine bolan garaýyşyny berkidýär. Nesliň kemally, döwre mynasyp bolup ýetişmegi bolsa ak ertirleriñ röwşenliginden, öwüşgünliliginden habar berýär.

Ata-babalarymyzyñ nesil terbiýesi, olaryñ il-halka, ýurda wepaly şahsyýetler bolup ýetişmekleri hakyndaky aladaly ýörelgeleriniñ dowam etdirilýän zamanasynda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyñ kämil kanunçylyk binýady emele geldi. Ýaş raýatlaryñ hukuklary we azatlyklary milli kanunçylygymyz arkaly kepillendirilýär. Geçen ýylda hormatly Prezidentimiziñ ýolbaşçylygynda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyñ Kanunynyñ rejelenen görnüşiniñ kabul edilmegi bolsa bu ugurdaky hukuk esaslarynyñ binýadyny has-da berkitdi.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyñ 21-nji ýanwarynda geçirilen Milli Geñeşiñ we jemgyýetçilik wekilleriniñ bilelikdäki mejlisinde Milli Liderimiz hem öz taryhy çykyşynda bular dogrusynda belläp geçdi. Gahryman Arkadagymyzyň: “Biziň ösüşlerimiz, ata Watanymyzyň berkararlygy, ýurdumyzyň asudalygy, il-günümiziň abadançylygy ýaşlarymyza baglydyr. Men türkmen ýaşlarynyň bu belent ynamy ödejekdiklerine berk ynanýaryn” diýen sözleri türkmen ýaşlarynda uly ruhubelentligi, maksadaokgunlylygy, ynamy ödemek hakdaky düşünjeleri has-da pugtalandyrýar. Munuň özi ýaşlaryñ jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuny giňeltmäge itergi berýär.

Biz hem bilim işgärleri hökmünde bagtyýar nesillerimiziñ ylymly, bilimli, baý düşünjeli, sagdyn bedenli, hünärli adamlar bolup ýetişmekleri, olaryñ durmuşda öz mynasyp orunlaryny tapmaklary ugrunda uly aladalar edýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlarymyzy aýdýarys. Parasat-pähmi, manyly ömrüniñ nusgasy bilen ykballary gülledýän, ýaşlar üçin ak ýollary açýan Gahryman Arkadagymyza, Milli Liderimize berk jan saglygyny hem uzak ömür arzuwlaýarys!

Gurbansoltan AKGAÝEWA,
Mary welaýatynyñ Garagum etrabynyñ 4-nji çagalar bagynyñ müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu