Žurnalistiň sahypasy

Halk maslahaty – dessuryň ulusy, däbiň ýagşysy

23-01-2023 / 10

Halkymyz «Geňeşli salamat bolar», «Geňeşene giň dünýä» diýýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatynda halkymyza geňeşilip kabul edilen çözgütler hem Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna, abadan, bolelin ýaşaýşymyzyň has-da berkidilmegine ýardam eder.

Bu günki gün ýurdumyzda ata-babalarymyzdan gelýän milli ýol-ýörelgelerimiz, mukaddes däp-dessurlarymyz mynasyp dowam etdirilýär, haýyr-sahawatdan gözbaş alýan sogap işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen, Türkmenistanyň Gahrymany, Hormatly il ýaşulusy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi şeýle işleriň geljekde has-da rowaçlanjakdygynyň we milli kanunçylykda täze tapgyryň başlanýandygynyň buşlukçysyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda we ýurdumyza baştutanlyk eden döwründe Watanymyzyň ösüşi, rowaçlygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda uly işleri durmuşa geçirdi. Milli Liderimiziň tagallasy netijesinde şeýle işler häzirki döwürde-de dowam etdirilýär. Döwletli maslahatyň öňüsyrasynda Arkadag şäherinde ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbüniň tutulmagy, Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlaryna laýyklykda, onuň ýanynda okuw medresesiniň guruljakdygy baradaky hoş habar hem munuň aýdyň delilidir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi we munuň bilen baglanyşykly Esasy Kanunymyza üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi kanunçylyk binýadynyň barha kämilleşdirilýändiginden, şunda döwrüň ösen talaplaryndan ugur alynýandygyndan habar berýär. Ol, şol bir wagtyň özünde-de, ýurdumyzda her bir il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleriň halk bilen, onuň saýlan wekilleri arkaly maslahatlaşylýandygyny, döwleti dolandyrmakda türkmeniň «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» pähiminden ugur alynýandygyny görkezýär.

Bilşimiz ýaly, hut Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde soňky ýyllarda milli parlamentiň işini kämilleşdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda uly üstünlikler gazanylyp, baý tejribe toplandy. Milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli başlangyçlary esasynda, ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgelerden, döwrüň talaplaryndan ugur alnyp durmuşa geçirilen bu gezekki demokratik özgertmeler hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagyna, döwletimiziň kanunçylyk binýadynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine görnetin täsirini ýetirer.

Daýanç ANNAÝEW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu