
Döwletimiziň Garaşsyzlygyny berkitmekde, raýatlarymyzyň bähbidini goramakda, jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde ýurdumyzda halk bähbitli milli demokratik ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär. Bu ugurda döwlet syýasatynda amala aşyrylýan özgertmeler, döwletli tutumlar türkmen halkynyň ykbalyna ganat baglaýar.
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky teklibi raýatlarymyzyň her biriniň bagtyýar zamanamyza bolan buýsanjyny, guwanjyny goşalandyrdy. Halk bähbitli, döwlet ähmiýetli başlangyçlaryň täze tapgyry döwletimizi ösdürmegiň ýolundaky möhüm işleriň ýene-de bir bölegidir. Ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýetiň düzümlerini kämilleşdirmäge gönükdirilen bu başlangyç ertirlerimiziň röwşen, geljegimiziň nurana we aýdyň boljakdygyna umydymyzy, ynamymyzy artdyrýar.
Agzybir türkmen halky pederlerimiziň birek-birek bilen geňeşmek, maslahat etmek ýaly asylly däplerinden ugur alyp, 21-nji ýanwarda ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatyny aýratyn bellemek gerek. Bu döwletli maslahat hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm wakalaryň biri hökmünde köňüllerde, ýüreklerde müdimilik orun alar. Çünki bu möhüm ähmiýetli syýasy çärede garalan meseleler, kabul edilen çözgütler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ygtybarly hukuk binýadyny berkitmek bilen, raýatlaryň döwleti we jemgyýeti dolandyrmaga gatnaşmak hukugyny ýene-de kepillendirer.
Halk häkimiýetiniň dabaralanýan, arzuwlaryň myrat tapýan ýurdunda ýaşamak biziň her birimiz üçin uly buýsanç. Şeýle bagtyýar zamanada abadan ýurda, agzybir halka hyzmat etmek bolsa biz üçin uly mertebedir.
Toýmurat SEÝILHANOW,
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy.



