
2023-nji ýylyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary esasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýaşlarymyza, diýmek, geljegimize bolan beýik ynam bilen baglydyr.
Biziň döwrümiz — ylym-bilimiň, tehnologik mümkinçilikleriň düýpgöter täze derejä galýan döwri. Hormatly Prezidentimiz: «Dünýäniň fiziki, sanly we biologik häsiýetli tehnologiýalarynyň utgaşmagyny alamatlandyrýan «dördünji senagat rewolýusiýasy» eýýamy täze pikirleri, täze innowasion önümçilikleri döretmegi talap edýär» diýip, hünärmenleriň täzeçil we netijeli pikir ýöretmek, täzeligi aňlamak başarnygyna eýe bolmalydygyny nygtaýar. Diýmek, her bir adamda, ilki bilen, hünärmende şu hili ukyplary taplamak şu günüň wajyp talabydyr.
Häzirki döwürde türkmen jemgyýetinde bolup geçýän düýpli özgerişleriň şertinde könelen ýörelgelerden, köre-kör endiklerden arany açyp, döredijilikli, özgerdijilikli pikirlenmek gerekdir. Şol sungata eýe bolmak üçin hünärmenleriň ýaş nesli halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden milli mirasyny häzirki tehnologik döwrüň çagyryşlary bilen utgaşdyrmagy başarmalydyr. Şu hili hünärmenleri ýetişdirmek ýaşlar syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu syýasatyň esasy maksady ýaş nesliň ukyp-başarnygyny, döredijilik we ruhy mümkinçiliklerini döwletiň hem-de jemgyýetiň bähbitleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirmekden ybaratdyr. Ýaşlar barada edilýän alada we olara bildirilýän ynam ýaş nesliň ýurduň geljekki ösüşi bilen baglanyşykly köptaraply wezipeleri öz üstüne alyp bilýän başarnykly hünärmenler, gowy adamlar bolup ýetişmegini üpjün etmegi nazarlaýar. Geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde bu ugurda öňde durýan wezipeleriň hukuk esaslary aýdyň kesgitlenen.
Döwrüň, döwletiň beýik ynamyna öz başarnygy we hünäri bilen jogap bermek her bir ýaş adam, hünärmen üçin zerurlykdyr. Diýmek, ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy, bir tarapdan, biziň bagtyýar geljegimizi kemala getirmeli ýaşlaryň gurujylyk, döredijilik derejä galmagy, başarnykly adamlar bolup ýetişmegi babatda döwletimiziň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary, ikinji tarapdan, şol aladalar esasynda gurujy we dörediji, watansöýüji adamlar bolup ýetişýän ýaş nesliň Watanyň we adamzadyň öňündäki borjy üçin edýän yhlaslary bilen bagly. Şu hili yhlas hem ýurdy özgerdiji hünärmenleriň täze nesliniň kemala gelmeginiň kepilidir.
Aýna AÇYLOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.



