
21-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahaty geçirilýär. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanun çykaryjylyk işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wajyp wezipeleri halk köpçüliginiň gatnaşmagynda giňden ara alyp maslahatlaşmakda, milli döwletlilik däplerini dabaralandyrmakda uly ähmiýete eýedir.
Taryhyň dürli döwürlerinde halk, il-ulus bilen maslahatlaşmak hakyndaky mysallar sanardan köp. Halk Maslahaty döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny beýan edip, ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan taryhy tejribesini özünde jemlemek bilen, onuň mejlislerinde wajyp ykdysady, syýasy, durmuş meseleleri ilatyň giň gatlagynyň gatnaşmagynda, aýratyn-da, ýaşuly nesliň wekilleri bilen maslahatlaşylyp çözülýär. Türkmen halky hemişe il-ýurt bähbitli işlerde ýaşuly nesliň baý durmuş tejribesine daýanyp, wajyp çözgütleri kabul edipdir. Häzirki täze taryhy döwürde halk demokratiýasynyň bu ýörelgesi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda mynasyp orun eýelemek bilen, agzybir ilimiziň ata-babalarymyzyň parasatly pähimlerine ygrarlydygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär.
Biz Esasy Kanunymyzyň kadalarynda türkmen halkynyň bäş müňýyllyk taryhyndan gözbaş alyp gaýdýan milli däp-dessurlaryny, adatlaryny we durmuş ýörelgelerini özünde jemleýän demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň häzirki zaman nusgasynyň öz beýanyny tapýandygynyň şaýady bolýarys. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleri esasynda amala aşyrylýan täze özgertmeler adamy döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän konstitusion kadany mundan beýläk-de üstünlikli amal etmäge mümkinçilik berer.
Ýurdumyzyň milli parlamentiniň mundan beýläk öz işini bir palatada — Türkmenistanyň Mejlisi hökmünde dowam etdirmegi, Halk Maslahatynyň iň iri wekilçilikli gurama hökmünde döredilmegi gadymdan gelýän däbiň döwrebap dowamaty bolar. Şu nukdaýnazardan, 21-nji ýanwarda geçirilen maslahat halkyň erk-isleginiň myradyna öwrülip, rowaç işleriň başlangyjy boldy.
Şeýle uly, taryhy maslahata gatnaşmaklyk bolsa hakyky bagtlylykdan nyşandyr. “Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen” diýlişi ýaly, bu maslahata meniň hem gatnaşmagym buýsanjymy artdyrdy. Biz döredilýän giň gerimli mümkinçiliklerden çäksiz hoşal.
Umyt ANNAGYLYJOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.



