
Hemmämiziň bilşimiz ýaly, ýakynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty geçirilip, onda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek hakynda taryhy teklibi öňe sürdi. Hut şu gün – 21-nji ýanwarda geçirilýän maslahat halkyň erk-isleginiň myradyna öwrülip, rowaç işleriň başlangyjy bolar.
Gahryman Arkadagymyzyň halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky teklibi türkmen halkynyň şöhratly geçmişiniň, bagtyýar şu gününiň, röwşen geljeginiň sazlaşygyny nazarlaýar. Bu döwletli başlangyç ähli ildeşlerimizde buýsanç döretdi. Wekilçilikli edaranyň işine jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşýandygyny aýratyn bellemek gerek.
Döwlet durmuşynda möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylýan ýeri boljak bu wekilçilikli edaranyň işine jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň, ýaşulularyň, aýratyn-da ýaşlaryň işjeň gatnaşýandygy, onuň il-ýurt bähbitli çözgütleri kabul etmekde wajyp ähmiýetiniň boljakdygy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi döwlet dolandyryşynda ýaşlaryň gujur-gaýratyna, ukybyna uly ynam bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Halkymyz öý-ojagy mukaddeslige deňeýär. Taryha şan beren Oguz han atamyz hem öz nesillerine giň sähradan alty ganat ak öýleri gurduryp, öýleriň berkligine, ýerleşiş tertibine, jebisligine, özboluşly gurluşyna aýratyn üns beripdir. Türkmençilikde guýy gazmak, ýol çekmek, bag ekmek, bina galdyrmak sogap iş hasaplanýar. «Gurmak — ömürden» diýlişi ýaly, Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, kärhanalaryň, saglyk maksatly binalaryň, ýollaryň, medeni ojaklaryň gurulmagy halkymyzy guwandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň her bir başlangyjy il-günümiziň röwşen günlerine hyzmat edýär. Hut şonuň üçin her bir watandaşymyzyň eziz Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hoşallygynyň çägi ýok.
Altyn BABYŞOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.



