Žurnalistiň sahypasy

Ekoabadançylygyň daýanjy

20-01-2023 / 5023

Ata Watanymyzda dünýäniň we sebitiň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Utgaşykly alnyp barylýan işleriň baş maksady geljekki nesiller baradaky aladada jemlenendir. Ýurdumyzda badalga berlen maksatnamalarda hem tebigatyň gözelliklerini, daşky gurşawy gorap saklamak meselelerine aýratyn orun berilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent maksatlary nazarlaýan, abadan durmuşyň aýrylmaz bölegi bolan ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýaşyl tokaý zolaklary emele geldi. Hazara görk berýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky seýilgähler, Garagumuň jümmüşinde döredilen, tutuş sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam edýän «Altyn asyr» Türkmen köli ýurdumyzyň gözel tebigatyny goramak, arassa howa gurşawyny döretmek baradaky maksatdan ugur alýar. Şunuň bilen birlikde, Hazaryň ekologiýa ulgamyny we tebigy gurşawyny aýawly saklamak, onuň baýlygyny geljekki nesillere ýetirmek hem möhüm meseleleriň hatarynda durýar.

Arkadagly Serdarymyz: «Ynsan öz ömrüniň bütin dowamynda tebigat bilen özara aýrylmaz sazlaşykda, gatnaşykda ýaşaýar. Şonuň üçin hem adamzadyň ýaşaýşy köplenç onuň tebigy baýlyklardan peýdalanyşyna, tebigata bolan gatnaşygyna baglydyr. Bu bolsa biziň her birimizi daşky gurşawy goramaga we tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmäge borçly edýär» diýip belleýär.

Tebigat — biziň baýlygymyz, hazynamyz hem-de geljek nesillere goýýan mirasymyz. Şonuň üçinem tebigata aýawly garap, onuň ummasyz baýlyklaryny gorap saklamak işlerine işeňňir gatnaşmalydyrys.

Merjen AKYÝEWA,
Owadan AKYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu