
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne şan beren ajaýyp ýyllaryň biri bolan 2023-nji ýyl bu gün gadymy hem-de müdimi türkmen topragyna gadam basdy. Bu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy ähli halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Ýaşlara bildirilýän uly ynamyň aýdyň nyşany bolan bu şygar kalby joşgunly watandaşlarymyzda guwanç, buýsanç duýgularyny döretdi.
Arkadagly Serdarymyz nurana durmuşyň eýeleri bolan ýaşlara ýüzlenip, şeýle diýýär: «Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys».
Arkadagly Serdarymyzyň özlerine bildirýän şeýle belent ynamyny ödemek täze taryhy eýýamyň belent ruhly ýaşlarynyň baş maksady bolup durýar. Munuň üçin ýaşlar halkara ülňülerine laýyk ylym-bilim öwrenip, dürli hünärleri ussatlyk bilen ele alýarlar. Döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda joşgunly zähmet çekýärler, telekeçilik işinde oýlanyşykly başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirýärler. Jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyp, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagyna, kämilleşmegine mynasyp goşant goşýarlar. Şeýle yhlasly zähmetiň oňyn netijeleri olaryň täze taryhy eýýamyň milli we döwlet maksatnamalarynyň üstünliklere beslenmegindäki saldamly goşantlarynda aýdyň ýüze çykýar.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýagty ertirlerimiziň, parlak geljegimiziň şugla saçjakdygyna berk ynanýarys. Çünki hormatly Prezidentimiz ýokary döwlet wezipesine girişen ilkinji gününde öz halkyna, onuň agzybirligine, jebisligine hem-de merdanalygyna bil baglaýandygyny aýdyp, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymaty öňe sürdi. Halk bilen döwletiň bir-birine bolan ynamy, bitewüligi, jebisligi bolsa diňe ýeňişlere, rowaçlyklara eltýändir.
Aýsülik SAPARGLYJOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň maldarçylyk kafedrasynyň mugallymy.
Abdulla ATAÝEW,
institutyň weterinar lukmançylygy hünäriniň 5-nji ýyl talyby.



