SliderŽurnalistiň sahypasy

Balalar — bagtyň lälesi

19-01-2023 / 9

Türkmenlerde «Bal süýji, baldan-da bala süýji» diýen nakyl bar. Onda biziň ata-babalarymyzyň, halkymyzyň çaga goýýan hormaty, gadyr-gymmaty jemlenendir. Eziz balalarymyz at-owazasy dünýä dolan Türkmenistan döwletimizde bagt bagynyň läle-reýhan bolup açylan gül-gunçalarydyr.

Ýurdumyzda ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan mukaddes maşgala ýörelgelerine eýerilip, ýaş nesil aýratyn söýgi, üns-alada bilen gurşalýar. Olaryň çagalykdan edep-terbiýeli, başarjaň, kämil ylym-bilimli, berk bedenli we sagdyn ruhly bolup ösmegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär.

«Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýleni. Çaganyň ýüzüňi gyzartjak hereketleri etmezligi üçin bolsa terbiýe meselesi möhüm bolup durýar. Ýagşy terbiýe ― çaganyň ömür ýoluna ýoldaş boljak baýlygydyr, maşgala dowamatynyň gymmatydyr. Terbiýäniň ýagşysy hem göreldedir. Ilki özüň hereketiň, bolşuň bilen çaga ýagşy görelde görkezseň, entek beýnisi bekemedik çaga seniň hereketiňe eýerjek bolýar. Dünýä psihologlarynyň aýtmaklaryna görä, çaganyň jemgyýete peýdaly kişi bolup ýetişmeginde aslyýetiniň hem orny uly, emma çaga 3 ýaşdan 10 ýaş aralygynda ata-enesiniň göreldesine eýerýär, 10 ýaşdan soň bolsa onda daş-töwerekdäki bolup geçýän ýagdaýlardan baş çykarmak islegi oýanýar we gurşap alýan adamlardan görelde almaga ýykgyn edýär.

Beýik rus ýazyjysy Fýodor Dostaýewskiýniň şeýle sözleri bar: «Çagany söýmän adamzady söýüp bolmazdy». Hakykatdan-da, ýaş nesil barada edilýän içgin alada — döwletiň, tutuş dünýäniň abadan geljeginiň binýadydyr. Çaganyň hukuklarynyň goraglylygy biziň Esasy Kanunymyzda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarda kesgitlenilip, olaryň ýerine ýetirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylýandygy çagany okatmak, terbiýelemek babatda döwlet syýasatyny birkemsiz durmuşa geçirmegiň möhüm syýasy çäredigine şaýatlyk edýär. Şeýle hem ýurdumyzyň çaganyň hukuklarynyň goraglylygy babatda birnäçe halkara konwensiýalara goşulmagy halkara derejesinde geçirilýän forumlara, konferensiýalara gatnaşyp, çaganyň halkara derejesinde ykrar edilen hukuklaryny has çuňňur öwrenmek we olary biziň kanunçylyk namalarymyza ornaşdyrmak babatda amala aşyrylýan işlerdir.

Ejegül TEKÄÝEWA,
Daşoguz şäherindäki 32-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu