Žurnalistiň sahypasy

Kämil kanun – jemgyýetiň ygtybarly daýanjy

18-01-2023 / 9

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler döwletiň durmuş-ykdysady ösüşine we türkmen jemgyýetiniň demokratik hem-de hukuk esaslaryny berkitmäge gönükdirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahaty jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda ýokary derejede geçiriler. Munuň özi, ilkinji nobatda, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, şol sanda raýatlaryň döwleti hem jemgyýeti dolandyrmaga gatnaşmaga bolan hukugyny kepillendirmäge täze mümkinçilikleri açýar.

Turuwbaşdan üstünliklere beslenen şu ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyny geçirip, onuň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek hakynda taryhy teklibi öňe sürmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz döwletimiziň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanun çykaryjylyk işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmekde möhüm ädime öwrüldi.

Ähli döwürlerde-de ösüşleriň, öňegidişlikleriň esasy binýady adamzadyň bähbidine gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly döwletlilik ýörelgelerini dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda uzak geljegi nazarlaýan düýpli özgertmeler, giň möçberli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryny demokratik ýol bilen ösdürmek, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmek, ösen raýat jemgyýetini kemala getirmek, kanunçylyk binýadyny berkitmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Ýusup KARATAÝEW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu