Žurnalistiň sahypasy

Ýylyň şygary — üstünliklere badalga

18-01-2023 / 9

Şöhratly wakalary bilen taryha giren 2022-nji ýyl eziz Diýarymyz üçin üstünliklere beslenen ýyllaryň biri boldy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» atly şygar astynda geçen ýyl ýurdumyzyň öz ösüşiniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basan ýyly hökmünde hem biziň ýadymyzda müdimilik galar.

Bilşimiz ýaly, her ýyly döwrebap atlandyrmak babatdaky asylly däbimiz agzybirligimizi we jebisligimizi dabaralandyryp, halkymyzyň watançylyk ruhuny belende göterýär. Şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy ata Watanymyzyň kuwwatly, ösen döwlete öwrülmegine mynasyp goşant goşýan ýaşlara bolan ynamyň, hormat-sarpanyň uludygyny görkezýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny ösdürmekde ýaşlar uly güýç bolup durýar. Şol bir wagtda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde ähli şertler döredilýär. Ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we häzirki zamanyň innowasion tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, giň gözýetimli nesilleri kemala getirmek ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Goý, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen ýylymyz Ýer ýüzüne parahatçylyk, abadançylyk, uly üstünlikler hem-de rysgal-bereket getirsin! Bütin adamzat jemgyýetçiliginiň abadan durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli belent maksatlary rowaçlyklara beslensin!

Maýsa PIREKOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu