
Döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryndaky okgunly ösüşler, ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan üstünlikler bizden döwrüň ruhuna laýyklykda iş alyp barmagy talap edýär. Gahryman Arkadagymyzyň 11-nji ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň bilelikdäki mejlisinde belleýşi ýaly, häzirki döwür ösüşiň zamanasy, durmuşyň bir ýerde durmaýar, yzygiderli ösüp-özgerip barýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler döwletiň durmuş-ykdysady ösüşine we türkmen jemgyýetiniň demokratik hem-de hukuk esaslaryny berkitmäge gönükdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahaty jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda ýokary derejede geçiriler.
Hormatly Arkadagymyz häzirki döwrüň ösüşiň zamanasydygyny, durmuşyň bir ýerde durmaýandygyny, yzygiderli ösüp-özgerýändigini belläp, onuň täze kadalardyr ýörelgeler bilen baýlaşýandygyna we öňki garaýyşlaryň üýtgäp, başga many-mazmuna eýe bolýandygyna ünsi çekýär. Şoňa laýyklykda, jemgyýetiň esas goýujy hukuk binýady hem hemişe kämilleşdirilip durulýar. Netijede, onuň milli aýratynlyklara, döwletiň ösüş derejesine, halkyň islegine laýyk gelýän kämil görnüşi emele gelýär.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary esasynda şu ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlary bolsa ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda giň gerime eýe bolan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramakda uly ähmiýete eýe bolar.
Aýbölek ARTYKMYRADOWA,
TDP-niň Köýtendag etrap komitetiniň statisti.



