Žurnalistiň sahypasy

Bagtly ýaşlar — döwrümiziň buýsanjy

16-01-2023 / 15

2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly diýlip yglan edilmegi ömrümize şandyr, göwnümize delalatdyr. Asyrlaryň akabasy, nesilleriň ybadaty bolup gelen hoş günler kalplaryň zynaty, ak arzuwlary wysala öwrüp, bagtyýarlyk peşgeş berdi.

Ýaşlar geljegi gurujylar, jemgyýetiň kuwwatly güýji hökmünde uly mümkinçilige eýe bolup, olary watançylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, ýaş maşgalalary goldamak wezipeleri döwlet syýasatynyň merkezinde durýar. Häzirki döwürde ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlaryny, maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bilen baglydyr. Döwlet tarapyndan ýaşlaryň kämil bilim almagy üçin şertleri üpjün etmek, zehinli ýaşlara goldaw bermek, ýaşlaryň beden we ruhy ösüşine gönükdirilen şertleri döretmek işleri maksatnamalaýyn alnyp barylýar. 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Geçen ýyl türkmen ýaşlarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak möhüm wakalara beslendi. 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi. Onuň dowamynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Şol gurultaýda Arkadagly Serdarymyz çykyş edip, ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty, ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge gönükdirilen çäreler barada aýratyn durup geçdi.

Ýaşlar özlerine bildirilýän beýik ynamdan, döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanyp, eziz Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak höwesi bilen Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşýärler.

Şahnoza KURBANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu